Meniň gynanýan zadym
Atam Annagurban Seýitmyrat oglunyň ruhuna bagyşlaýaryn.
Adam aýtdy:
"Sosial ulgamlarda 1930-njy ýyllarda, hususan-da 1937-38-nji ýyllarda türmä basylan, öldürilen adamlar hakynda ýazylýan zatlary, wagt tapsam, okaýaryn. Olaryň hersinde diňe bir adamyň ýa bir maşgalanyň däl, müňlerçe adamyň we on müňlerçe maşgalanyň ykbaly hakynda gürrüň berilýär. Mysal üçin, Alekseý Sidorowiç Aleýnikow 1874-nji ýylda doglupdyr. "Bu meniň atam – diýip, onuň agtygy atasynyň suratynyň aşagyndan ýazýar. - Biziň hemmämiz ony gaty gowy görýärdik, garaşýardyk we umyt edýärdik: "Birdenkä gaýdyp geläýse" diýip, ýoluna göz dikýärdik. Haýp... Ony 1937-nji ýylyň noýabrynda alyp gitdiler, alty aýdan bolsa atypdyrlar. Atam gaty zähmetkeş adamdy, maşgalamyz örän uludy, diňe çagalar on adamdy (5-isi özüniki, ýene bäşisi ýegenler we ýegençiler). Olaryň ählisini iýdirip-içirip, geýindirip, aýakgabyny düzedip, mekdebe ugratmalydy. Atam ir sagat 4-de turardy we giç agşam bolýança işlärdi. Ol örän sabyr-kanagatly adamdy, hiç wagt hiç kime sesini gataltmandy. Çagalykda we soň, on bäş ýaşyma çenli ony gaty küýsedim. Hemişe arzuw ederdim: ynha, ol dolanyp geler, men onuň bilen oýnaryn, gezelenç ederin, bile kino giderin. Haçanda köçede gartaşan, horaşaja geýnen adam görsem, ýüregim sanjyp gidýär, atam ýadyma düşýär, men ol adama nähilem bolsa bir kömek etmäge, ýardam bermäge çalyşýaryn. Wagtal-wagtal, ýöne ýerden, keýpine diýen ýaly atama ölüm hökümini çykaran adamlaryň gözlerine seredesim gelýär. Olar adam däldirler, adama meňzeýän ýerleri hem bolan däldir. Soňra biraz özümi köşeşdirýärin: bu dünýede bolmasa, olar o dünýede jezalaryny çekerler, eden işleri üçin jogap bererler. Men we meniň maşgalam biziň bigünä hossarlarymyzyň arassa adyny dikeltmäge kömek edýän adamlaryň ählisine örän minnetdar." Bu hili ýazgylary okap, gynanmazlyk, bolan zatlary ýatlamazlyk, ynsan ömri, onuň manysy hakynda pikir etmezlik mümkin däl. Döwür, zamana hemişe hemme adamyň öňünde ol ýa beýleki görnüşde synag goýýar, birleri halal, kişä kast etmän, kişini kemsitmän, halala zähmeti bilen ýaşajak bolýar, beýlekileri galplyk etjek, üstesine birlerine sesini gataltjak, kemsitjek, çekindirjek, bolsa ezjek, elinden gelse basgylap ýok etjek... Adam diýen mahlugyň ýagdaýy kyn, gynanýarsyň. Ýöne men başga-da bir zada gynanýaryn: meniň öz dilimde ne otuzynjy ýyllarda, ne ondan öňň, ne-de soň nähak türmä basylan, nähak öldürilen adamlar ýatlanýar, olaryň arassa adyny dikeltjek bolýan bolsa tas ýok, bolanlarynyň hem başyna ala ýabylynyň gününi getirýärler."