Milletiň gelen ýeri

Adam aýtdy: 

"Žurnalist men diýip, gülen bolup, gynanan bolup, hiç bir fakta esaslanmaýan, diňe gybatdan gelip çykan soraglary berip, öz professional at-abraýyny töwekgellige salmakdan hem çekinmän, söhbetdeşlige çagyran adamlaryny gözden düşürmäge, biabraý etmäge ýa-da başga birlerine küşgürmäge synanyşýan adam, goý, döwlete üçin işlesin ýa-da özi üçin, hakyky žurnalist däldir, gybatçydyr. Sebäbi özünden tapyp, toslap ýa peşeden pil ýasap gybat edýänem gybatçydyr, eşiden zadyny ak-gara diýmän üstünden geçirýän, mümkin boldugyça köp adama ýaýratjak bolup çytraşýan hem gybatçydyr. Bu hili žurnalistler trollyk edip, öz gybatlaryna özleri meçew bermekden, ýa özi ýalylardan trol tutunmakdan, özlerini, öz matlapdaşlaryny magtap, başgalary her edip-hesip edip garalajak bolmakdan hem gaýtmazlar. Muny görmek, saýgarmak üçin gözli bolmak hem hökman däldir, sähel akyl-üşük ýeterlikdir. "Dagy-daşy ýel bozar, adam arasyny dil" diýendirler. Gybatçylar adam arasyny, il arasyny bozjak bolarlar, özlerinden başga hemme kişini garalamaga çalşarlar. Bu olaryň beýik bolmak ýa beýlekilerden öňe saýlanmak üçin saýlap alan ýol-ýörelgesidir, tötänden düşen ýa gelen ýeri däldir. Şeýle gybatçysy köp bolan ilde hiç wagt sagdyn gatnaşyk, abadanlyk ýa gowy durmuş bolup bilmez, haksyzlyk, adalatsyzlyk, garyp-pukaralyk, aç-hor, ezilen adamlar welin näçe diýseň bolar. Eger ýurduňyzda şeýle agyr ýagdaýyň bolmagyny we uzak wagt isleseňiz, gybat ediň, gybatçylara gol ýapyň, olaryň awy ýa oljasy bolmagy dowam etdiriň. Eger-de ýurduňyzda adalat bolmagyny, kanun bolmagyny, kanunlaryň işlemegini isleseňiz, ozaly fakt bilen gybatyň aratapawudyny görmegi, bilmegi we gerek ýerinde ýeriňizden turup aýtmagy öwreniň. Şonsuz siziň barjak ýeriňiz, aljak menziliňiz bolmaz, şu gelen we duran ýeriňizde galarsyňyz, gynanylýan adam bolarsyňyz, bäri-bärlerde guwanylýan adam bolup bilmersiňiz!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024