Surat

Ol ýa-da beýleki

Adam aýtdy:

"Gürleýän adam açyk kitapdyr. Eger-de adamlar diňlemegi, diýilýän, aýdylýan zatlary eşitmegi, olara düşünmegi we netije çykarmagy başarsalar, sözleriň aňyrsynda ýatan zatlary, päl-niýetleri görmegi öwrenseler, özlerini we başgalary şonça gowy tanamagy, ýaşaýan döwürleriniň problemalaryna şonça gowy göz ýetirmegi öwrenerler. Adamlar başga birleri hakynda gürrüň edende, birlerini öwende ýa-da döwende, näletlände hem, mesawy gürrüň edenlerinde-de, başga biri hakynda däl, özi hakynda has kän zady gürrüň berýändir. Eger-de adamlar bir-birlerini diňläp, tanap, özlerine, il-güne dogry-dürs bolmagy öwrenseler, olaryň depesine ogry syýasatçylar, ýalançy žurnalistler hiç wagt çykyp ýa-da çykan ýerinde uzak wagt oturyp bilmez. Ýöne adamlar bir-birini diňlän bolup, düşünen ýa düşünmedik bolup, düşünýän ýa-da düşünmeýän zatlary bilen oýun etseler, olar ozaly öz ykballary, çagalarynyň geljegi bilen oýun edýändirler, soň başgalaryň ykbaly bilen oýnaýandyrlar. Bu hili oýun edýän adamlaryň görjegi hemişe betnebis syýasatçylar we galp žurnalistler, ýuwan ýazyjy-şahyrlar we kelpeň aýdymçylar, satlyk ýaşulular bolar. Durmuşda tötänlik az bolýar, sebäpsiz çöp başy gymyldamaýar, her kim ekenini orýar. Haýp, düşünýän adamlar durmuşa ir wagtlarda hem düşünipdirler, düşünmeýänler şindi hem düşünip bilenok."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024