Çerçil we aýallar

Adam aýtdy:

"Öňki kärdeşlerimiň biri wagt-wagt öz feýsbuk hasabynda tanymal adamlar barada ýazylan geň-enaýy ýazgylary, ýatlamalary çap edýär. Onuň şu gün, tanymal iňlis premýeri hakynda çap eden belligini türkmençä geçirdim. Winston Çerçil hemişe aýallara gereginçe salyhatlylyk görkezip bilmändir. Onuň oppozisiýa deputaty, münberden hökümetiň ykdysady syýasatyny tankytlap, premýer-ministre "Eger-de meniň adamym bolan bolsaňyz, kofäňize zäher gatyp, men sizi zäherlärdim" diýen Nensi Aktora nähili jogap berenini köp adam bilýär. Çerçil şonda hamala, "Hawa, siz meniň aýalym bolan bolsaňyz, meniň özüm zäher içerdim" diýipmişin. Emma Angliýada geçirilen pikir soraýyşlarda iňlisler onuň aýallar babatyndaky başga bir kemsitmesini has gödek hasaplapdyrlar. Zähmet partiýasyndan halk wekilligine saýlanan Bessi Breddok bir gün Çerçiliň içgildigini görüp, oňa: “Siz serhoş. Has-da beteri, siz ýigrenji serhoş" diýipdir. Çerçil oňa: "Dogry aýdýarsyňyz, men içdim. Ýöne siz betnyşan. Has-da beteri, siz ýigrenji betnyşan. Men ertir serhoşlukdan açylaryn, emma siz şu betnyşanlygyňyza hem galarsyňyz" diýipdir. Men bu ýatlamany sözme-söz terjime etdim, özümden bir söz hem goşmadym."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024