Geň galdyran habar
Adam aýtdy:
"Okan zadyma ynanjagymy-da, ynanmajagymy-da bilmedim. Margarita Simonýany ermenilikden öçüripdirler. "Bize beýle ermeni gerek däl" diýip, premýer-ministr Nikol Paşinýan 21-nji iýulda, Ermenistanyň iň uly ybadathanasynda ermenilikden mahrum etmek dabarasynda aýdypdyr. Nämemiş, Simonýan ýurduň ýolbaşçylaryny tankytlapdyr, syýasatçylary Krymyň Orsýete birikdirilmegini ykrar etmezlikde, Amerika bilen aşa ýakyn hyzmatdaşlyk etmekde aýyplapdyr. Ermenileriň ruhy ýolbaşçysy Garegin II bolsa, žurnalistiň ermeni dilinde hudaýa ýüzlenmegini, dünýäniň ähli ýerinde ermeni ybadathanasyna barmagyny gadagan edipdir. Eger Simonýana bu çäreler onuň žurnalistikada eden ýykgynçylyklary üçin görlen bolsa, belki, geňem görmezdim. Bolsa-da, bizde entek häkimiýetleri tankyt edeniň üçin türkmenlikden öçürmek düzgüni ýok. Ýöne ozallar, başda häkimiýetleri tankyt edeniň damarynda türkmen gany akanok diýen gürrüň edýärdiler. Diýjek bolýanym, halk saýlasa-da, Paşinýanam biziňkilerden kän daşa gitmedik ýaly."