Çörek bereniň ölümi
Adam aýtdy:
"Mamud Şawerşýan, on ýyllap garyp-gasar pensionerlere we işsiz gastarbaýterlere mugt çörek paýlan ermeni telekeçisi aradan çykdy." Bu habary okap, beýle adamlaram bar eken-ow diýip, geň galdym. Ýezid asylly inžener Orsýete 25 ýyl çemesi öň göçüp gelip, başda hünäri boýunça işläpdir, soň biznese baş urup, Wladimir oblastynyň Strunino şäherinde azyk dükanyny açypdyr. Garryja aýallaryň kassanyň öňünde köpüklerini gaýta-gaýta sanaýanyny görüp, mugt çörek üçin talonlary çap etmegi oýlap tapypdyr. Ynanmak kyn, onuň üstünden ýokaryk şikaýat arzasyny hem ýazdylar diýip, Mamudyň ölüm habaryny paýlaşan feýsbuk dostum haýran galýar. "Mamudyň çöregi nädogry paýlandygy hakynda myş-myş ýaýrady, hamala ol rezidentiň günde bir batondan we buhankadan paýlamak barada beren buýrugyny bozup, gara çöregiň ýarysyny özüne alypdyr. Onuň goragyna žurnalistler çykdy, bütin habar beriş serişdeleri şikaýatçylaryň beýle bihaýalyga ýüz urup bilşine haýran galdy" diýip, dostum ýazýar.
Ol bu işi hormat haty üçin etmedi, munuň üçin ony şäheriň gününde sahna çagyrmaýardylar... Mamud diňe kakasynyň "özüňden erbet ýaşaýanlara kömek et" diýen sargydyny ýerine ýetirdi. Ol iş gözläp gelen we aç galan täjik oglanlaryna kömek etdi. Her gün garyp-gasarlara, ruslara, tatarlara, ukrainalylara, köp adama mugt çörek berdi. Žurnalistler hasaplap görseler, her günde mugt berilýän çörege bir "Gazel" düşjek eken. Ol bu möçberdäki çöregi günde goşmaça tabşyryp, garyplar üçin bişirdipdir. "Sag bol, ýatan ýeriň ýagty bolsun, Mamud jan!" diýip, feýsbuk dostum ýazypdyr. Menem oňa goşulýaryn, käşgä şeýle adamlar ýene dogulsyn, ýene ýaşasyn! Şikaýatçylaram dogulsyn we ýaşasyn. Sebäbi olar bolmasa, Mamud aga ýaly adamlaryň tapawudyny nädip biljek? Adamlar aslynda gadyr bilmez mahluklaryň sürüsi dälmi näme?.. Ýöne haýp, il-günüň çöregini agzyndan alyp, köşgi-eýwan gurnan, daşary ýurt banklaryny altyndan dolduran adamlaram ölýär, Mamud aga ýaly adamlaram."