Häkimiýet-oppozisiýa oýny
Adam aýtdy:
"Oglanlykda baý-garyp oýnuny oýnardyk. Ýylgyn ýa tal çybygyndan atymyz, tagtadan gylyjymyz, panardan galkanymyz, alýumin simden sapançamyz bolardy. Elbetde, at-ýaragyny her kimiň özi edinerdi. Obamyzyň ilerisindäki syrkynlykda, syrkynlar entek ýaşyl wagtynda, onuň içinde iki tarap bolup söweşip, durşumyza ýaş syrkynyň reňkine çümüp, soňundan öýe barmaga gorkup, ýapda ýuwan eşiklerimiz guraýança suwa düşüşimiz şu günki ýaly ýadymda. Geň ýeri, biziň hiç birimiz baý ýa baýyň çagasy däldik. Üstesine, o wagt garypdygymyzy, sowet adamlarynyň umuman garyp ýaşandygyny hem bilemzokdyk. Sebäbi öýe haçan barsak, ejemiziň tamdyrda bişiren çöregi, süzme-gatyk ýa gowurdak bolardy. Emma biz oýnumyza gaty yhlaslydyk. Onuň sowet ideologiýasyna ýugrulan kinolara esaslanýandygy hakynda hem pikir etmeýärdik, sebäbi biz ol wagt pikir ederden juda ýaşdyk. Indi seredip otursam, şol wagt bize basmaçy diýilýänleriň ýa baý diýlip ýok edilenleriň ullakan adalatsyzlygyň, bolşewik ideologiýasynyň pidalary bolandygyny, baý-garyp eserlerini döreden adamlaryň bolsa, eklenç üçin, bile-göre şol wagtlaýyn ideologiýa hyzmat edendiklerini aýdyp, düşündirip biljek adam hem ýokdy. Indi häkimiýet-oppozisiýa oýnuny synlap, şol oglanlyk ýyllarymy, baý-garyp oýnan günlerimi ýatlaýaryn. Biziň ne baý, ne-de garyp bolşumyz ýaly, häzirki häkimiýet, oppozisiýa diýilýänler hem, meniň pikirimçe, häzire çenli, sözüň doly manysynda ne häkimiýet, ne-de oppozisiýa bolup bildi. Olaryň ellerindäki ýaraglary hem, ýagny türme, internet, biziň çybykdan we beýlekiden edinen ok-ýaragymyzyň biraz çynlakaý, has köp zyýan ýetirip biljek görnüşi. Eger-de häkimiýete türmeleri, ýowuzlygy ýa adamlary ýok edişi bilen baha berilmeli bolsa, onda biziňkiden öňe geçjek häkimiýet az. Ýöne şol wagt bizde bilim, pikir, düşünje bolmaýşy ýaly, häzirki häkimiýetde, oppozisiýada hem bilim, düşünje, pikir telperlik edýär. Olar hatda öz dillerini, taryhlaryny, töwerekde, beýleki ýurtlarda bolan we bolýan zatlary hem ýeterlik derejede bilmeýärler. Megerem şonuň üçin, häkimiýetem şol bir duran ýerinde dur, oppozisiýa-da, aralykda kösenýän bolsa, ne häkimiýet, ne-de oppozisiýa dogrup bilen aç-hor halk..."