Iň täze syýasatçylar
Adam aýtdy:
"Bizde syýasatçylar öňdengörüji däl, batyr däl, diňe şu gün bilen ýaşaýarlar, gorkak, özlerini we halky masgara edýärler diýýärler. Emma bu o diýen dogry däl. Soňky döwürde men täze, has öňdengörüji we batyr syýasatçylary görýärin. Olar entek häkimiýete gelmänkäler, geljekleri belli hem dälkä, öz işini etmäge çalyşýan žurnalistlere (köşk žurnalistlerine däl), söz azatlygyna, başga pikirlilige hüjüm edýärler, öz dar bähbitlerine garşy gelip biljek islendik ýagdaýyň daşyna öňünden çyzyk çekjek bolýarlar, käbir adamlary, belki-de atlaryny hem tutman, öňünden garalamaga, püçege çykarmaga çalyşýarlar. Bu, eger birden häkimiýet başyna gelseler, olara özlerinden öňki sütemkäriň guran gulçulygyny dowam etdirmäge, täzeden gurmaga we täze belentliklere galdyrmaga kömek etjek. Dogry, muňa käbirleri öňdengörüjilik, batyrlyk däl, kelte garaýyş, gorkaklyk hem diýýär. Ýöne islendik başga pikiriň inkär edilýän jemgyýetinde ikinji pikir kime gerek? Aldanasy gelýän ili aldarlar, talarlar. Goý, soň ony iliň huşy kelte bolýar ýa ýene bir zat diýip aklabersinler, peýdasy bolmaz."