Adamyň ýagdaýy
Adam aýtdy:
"Altyn gapylynyň agaç gapyla dilegi düşermiş. Bende, näme üçin aýallar proteste çykýar, hökümete garşy çykýanlaryň, nägilelik bildirýänleriň içinde erkek az diýýär. Emma hiç kim oňa häkimiýetleriň erkekleri nä güne salýanyny, aýallaryň nähili dul, çagalaryň nähili ýetim goýulýandygyny, dünýä belli GULAG-yň netijelerini düşündirmeýär. Sebäbi, onuň atasy-da, kakasy-da türme gurluşygynyň inženeri, proraby bolup işläpdi. Gaty aňryk gitmän, iň bolmanda 1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda hökümete garşy çykan erkekleriň nä günlere salnandygyny ýatlatmagam ýeterlikdi. Şol wagt onuň kakasy güýç gurluşlarynyň ählisiniň başlygydy, üstesine, adam hukuklaryny bozmakda aýyplanýan ganhor režimiň ýüzüni halkara guramalarynyň öňünde sabynlap ýuwmak bilen hem meşgullanýardy. Dogry, il aýtmyşlaýyn, gazma - düşersiň, ýakma – bişersiň, ol öz guran türmesinde otyr. Diňe özi däl, başga-da bir topar adamy alyp gitdi. Gowy ýeri, korrupsioner atanyň ogly indi korrupsiýa garşy göreşýär. Arasynda, çörek gözläp, çagasyny eklejek bolup, türmä öwrülen ýurtdan çykan we yzynda galan çagasyny, ene-atasyny görüp bilmeýän migrant ildeşleriniň, onda-da naçarlaryň guraýan protestlerine umytly garaýar. Belki, halk oýansyn, öňki korrupsioneriň, türme başlygynyň, ýene bir ýerlere başlyk bolup, basylanlary, ýok edilenleri, ezilen milleti adamdyr öýtmedik adamlaryň ogullary hem atalaryna gowuşsyn. Bizem olara, pete-pet gelseler, gözüň aýdyň diýeli. Ýöne adamyň alla tarapyn akyl-düşünjeli, dilli-sözli ýaradylyp, şeýle ýagdaýa düşüşine gynanýarsyň, onuň adam bolup biljegine, adam ýaly ýaşajagyna, iki gün emel ýetse azmajagyna ynanmak kynlaşýar."