Surat

Prokurorlara prokuror bolmagyň kynçylygy

Adam aýtdy:

"Bizde milli wezipe, ýagny iň söýgüli wezipe prokurorlyk eken. Bilýärin, ynanmarsyňyz. Sebäbi soň baýlar çagalaryny halkara gatnaşyklary ugrundan okatmaga başladylar. Emma prokurorlyk şinden milli wezipe derejesini saklaýar. Onuň milli wezipedigine ilki, 1980-nji ýyllaryň aýagynda, goňşurak ýaşaýan ýuristden eşitdemde, menem ynanmandym. Ol aragyň başynda etraplaryň birine gidip, prokuror bolmak planyny gürrüň berdi. Şol wagt etrap ýerinde prokuroryň wezipesi ýedi-on müň dollar aralygynda bahalanýan eken. Ol bu puly jemländigini aýtdy. "Gorkaňokmy?" diýip, oňa samsyk sorag beripdirin. Ol güldi: "Gorkjak bolsam, hukuk fakultetine girermidim?" diýip, soragyma sorag bilen jogap berdi. Şol wagt onuň hemme kişi para almak üçin hukuk ugrundan okaýar, prokuror bolsaň, köp para berýärler diýen sözlerine kän ynanmandym. Soň men ýene bir açyş etdim. Puly bolman, hukuk fakultetine girip bilmedikler hem, öz obalarynda, şäherlerinde, ýa-da ýurt boýunça, çem gelen adamy garalamaga taýýar, peşeden pil ýasamaga ökde prokuror bolmaga çalyşýan elken. Muny ýurduň dürli ýerlerinde iş saparynda bolup, dürli wezipedäki adamlar bilen ýüz gram içişemde bildim. Ýöne indi has hezil, prokuror ildeşlerimi görjek bolsam, olaryň aýyplamalaryny, hökümlerini diňlejek bolsam, internete girýärin. Ýene-de bir zat aýdaýyn: men internetdäki prokurorlara, päl-niýetleri nähili hem bolsa, bilim derejelerine garamazdan, döwletden aýlyk alýan, haku-nähak garalap, adamlara ýyl kesýän we para alýan prokurorlardan biraz arassa adamlar diýmekçi. Sebäbi olar bu gara işi mugt, keýpine, syýasy tabşyryk almazdan, özleri isläp, höwes bilen edýärler. Ýa olar para alýan we aýlyk alýan prokurorlardan hem hapa adamlarmyka? Aý, bilmedim-ow, prokurorlara prokuror bolmak kyn."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024