Onjuk meselesi
Adam aýtdy:
"Arada internetde bir oglanyň eden gürrüňlerini diňledim, sowatlydygyny, wagtynda gowy okap, olimpiadalarda ýeňiji bolandygyny aýdýar. Guwandym, ýöne ol bir sözünde adyny tutup, Onjuk Musaýewi hem ýadyma saldy. Saparmyrat Nyýazow Demokratik partiýanyň mejlisinde Onjuga tarap ümläp: "Şuny tapyşymy neneň görýärsiňiz?" diýip, gözüni ýaşardyp gülerdi. Onjuk hem sowet mekdebinde gowy okan oglandy. Soň ol öz mekdebini döretdi. Aýtmasamam bilýänsiňiz, ol ýaranjaňlyk, ikiýüzlülik mekdebini. Onuň mekdebine gatnanlar, ondan sapak alanlar az bolmady. Sebäbi onuň hünäriniň ýa harydynyň öz bazary-da, alyjysy, hyrydary hem bardy. Öz mekdebiňi döretmek üçin, elbetde, gowy okamaly, gowy pursatparaz bolup ýetişmeli; bazar talaplaryndan habarly bolup, haçan nämäni nirede we näçeden satmalydygyny ýa öz harydyň geçjek ýerini gowy bilmeli. Iň esasysy bolsa, awçynyň awçyny daşdan görüp we tanap bilşi ýaly, öz alyjyňy ýa awuňy, geljekde seniň ýaranjaňlygyňa, ikiýüzliligiňe mätäç boljak, onuň gadyryny biljek adamlary öňünden görmeli. Ýalňyşmasam, konserwatiw, yzagalak jemgyýetde häkimiýet başyna gelenler üçin hemişe onjuklar, olaryň edýän hyzmaty zerur bolar. Gelejegiň onjuklary, çenim çen bolsa, Onjuk ýaly, gowy okan oglan-gyzlaryň içinden çykmaly. Sebäbi gowy okamadyklar ýa doga talantsyz adamlar, eger-de saý-sebäp bilen Onjugyň ornunda oturdylsa-da, onuň işini gowy ýerine ýetirip bilmez, bazar talabyny ödemez."