Surat

Milletiň derejesi

Adam aýtdy:

"Ertirki palawdan şu günki pişmäni ýa çapadyny gowy görýän halk, hatda olar ogurlygam bolsa, beýle aç bolmasa-da, öňüne gelen närsäni alýan we işdä bilen iýýän, soňra nirede bir hudaýhon bolan bolup töwir galdyrýan adamlar, ýa aýratyn alnan bir maşgala, bir adam hiç wagt gowy ýaşap biler öýtmeýärin. Dogry, bu gysga wagt, düşünmän ýa belli bir kynçylykdan geçmek üçin edilse, adamlar toparynyň durmuş ýörelgesi bolmasa, oňa düşünse hem bolar. Ýöne mydama gyrp-çyrp ýa başga birleriniň arkasyndan, aýdaly, bugdaý eken garyp daýhanyň hasabyna arzan çörek iýjek bolýan millet dok ýa saçagy doly ýaşap bilmez. Belki, olar öz derejesinde gowy ýaşaýandyr, bu olaryň baryp, ýetip biljek iň aňrybaş belentligidir, beýle diýseňiz, muňa jedelim ýok."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024