Surat

Ýalançynyň garşysyna işleýän ýalan

Adam aýtdy:

"Dünýäde, meniň pikirimçe, biziň halkymyz ýaly üstünden şeýle kän ýalan guýlan halk ýokdur. Ozal, sowet döwründe muňa propaganda, agitasiýa diýerdiler, etrap partiýa komitetlerinde hem bu iş boýunça, ýagny ýalançylyk bilen meşgullanýan bölüm bolardy, obalarda medeniýet öýleriniň işgärleriniň hem esasy işi ýalançylykdy. Olar sowetleriň halky bagta, bal gününe batyrandygyny irmän-arman gaýtalamalydylar. Men bu ýalanyň hakyky ýüzüni ilki obada, gowaça meýdanynda gördüm, Aşgabatdan gelen fotohabarçy traktorçylary, suwçulary, otag otaýanlary ýylgyrdyp, surata düşürip gitdi. Ik-üç gün soň olaryň suratlaryny gazetde gördüm. Kakam pahyr gazetleriň ählisini ýazylyp alardy we okardy. O wagt biz okuwdan soň gidip, meýdanda gowaça otaýardyk. Fotohabarçy pagta ýygymy döwründe hem birnäçe gezek geldi we fartuklaryny pagtadan dolduran, bir gujak pagta gujagyna berlen "bagtly" ýygymçylary surata düşürdi. Kakamyň alýan gazetlerinde diňe biziň obamyzyň däl, beýleki obalaryň bagtly pagtaçylary hem kän görnerdi. Gazetlere seretseň, bütin ýurt, pagta ýygýandygy üçin, watanyň "ak altyn" harmanyny beýgeltmäge goşant goşýandygy üçin örän bagtlydy. Emma ol wagt, ýylgyr diýseň ýylgyrsa-da, bagtly adam azdy, pagta ýygmak agyr zähmetdi, oňa berilýän pul diňe çaý-çöreksiz galmazlyga ýetýärdi. Dogry, pagtadan baýan adamlaryň hem bardygyny bilýärdik, olar bizden ýokarrakada oturýan adamlardy. Olaryň çagalary hem pagta ýygyp, bagtly surata düşmeli däldi. Indi döwlet ýalançylygyna wagyz diýilýär, baş ýalançy aşagyndakylardan üstünlikleri giňden wagyz etmegi günde diýen ýaly berk talap edýär, göwnüne ýaramadyklary welosiped ýaly çalşyrýar. Ýaltanmasa, özi hem baryp, bagtly daýhanlar bilen bagtly surata düşýär. Beýnisini, ruhy saglygyny alada edýän adamlar bu wagzy diňlemän, özlerini gorajak bolýarlar. Emma muňa düşünmän, wagyz toruna düşüp, beýnisini aldyrýanyň hem san-sajagy ýok. Şu sebäpdenem öňki baş ýalança "mähriban atam" diýip oturan 30-35 ýaşly ildeş näçe diýseň tapylýar. Ýöne indi başga bir gowy zat boldy: häzir ýalan, döwlet wagzy onuň özüne, hökümet başyndakylara garşy işläp başlady. Görnüşinden, uzaga çeken açlyk adamlary pikirlendirýän, kellesini ulanmaga mejbur edýän ýaly."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024