Ylham meselesi
Adam aýtdy:
"Her ýyl gapymyň ýokarsynda täze höwürtge gurunýan, ozalky höwürtgäniň içini arassalaýan garlawaçlary synlaýaryn. Soň olaryň jüýjeleri uçurym bolýançalar özlerine getirilip berlen mör-möjekleri, gurçuklary iýip, meniň işigimi hapalaýarlar. Janly-jandaryň nesil öndürmek, çagalaryny ese-boýa galdyrmak üçin edýän yhlasyna haýran galaýmaly. Bu yhlasyň aňyrsynda görünmeýän bir güýç, düşündirip bolmaýan ylham ýatyr. Belki, şol ylham bolmasa, ne haýwan, ne ynsan öz çagasy üçin beýle jan çekerdi. Ýaşlygymdan sylan adamlarymyň biri, rus edebiýatçysy Wissarion Belinskiý "ylham diňe çeper döredijä mahsus däl, onsuz ne alym uzaga gidip biler ne-da başga bir senetçi, sebäbi ol ähli ýerde, her bir işde, her bir zähmetde bolmaly" diýipdir. Ylham diňe bir dürs, dogrusyny aýtjak, dogry işi etjek bolýan adamlara däl, egrilere, şöhratparazlara hem gerek. Ýogsa olar diýdimzor diktatorlaryň, çynçylara şyltak atmagy baş pişesi edinen döwlet mediasynyň, eli ganly KGB-niň dymdyryp bilmedik adamlaryny boş galmagal, haýbat bilen susduryp bilmejeklerine düşünmeli ýaly. Gepiň gysgasy, bu dünýäde haýyr işiň arkasynda hem, şer işiň arkasynda hem ylham, yhlas durýar. Belki-de şonuň üçin, "Yhlasa – myrat" diýipdirler. Yhlas edip aglasaň, sokur gözden ýaş çykarmyş. Diýmek, garlawaçlaram öz işini dowam etmeli, adamlaram, kimiň näme iş edendigini, kimiň işiniň arkasynda nähili ylhamyň ýa yhlasyň durandygyny, belki, soň bir gün görerler, bilerler. Magtymguly "Bu bir iş wagtydyr, özüň ýitirme,/Jahan giňdir, çendan bilen-de bardyr" diýipdir. Iň esasysy bolsa, öz edýän işiňi özüň biljek bolmaly, ony özüň terezä salmagy başarmaly, diýdi-diýdä gitseň, gözüň çaşarar, aňkaň aşar, öz ylhamyňy özüň öldürersiň. Öz ylhamyňy özüň tanamasaň, ony dogry ýola ugrukdyrmasaň, kyn ýagdaýynda goldamasaň, başgalaryň ony hiç wagt doly tanap ýa görüp bilmezligi, düşünmezligi gaty mümkindir. Muňa elmydama taýyn bolmaly."