Täze baýanyň çyrşagy
Adam aýtdy:
"Hökümet bilen oňuşman ýurtdan gaçan, ýurduňda gadagan edilen garyp ýazyjy bolsaň-da, kitaplaryňy çykartjak bolup, täze baýan, ýöne ruhy gedaý ildeşleriňe ýüz tutma. Birinjiden, olar hiç bir kömek etmez. Ikinjiden, soň bir gün ktabyň çyksa, ol kitaby wagyz eden bolup, özünden bu kitaby çykarmak üçin pul soranyňy, emma şol wagt kömek edip bilmänini aýdyp, seni kiçeldip, kitabyňy kiçeldip, özüni ulaltjak bolar. Magtymguly aýdypdyr-a: "Berimsiz beglerden, bahyl baýlardan, Çöle çyksaň, erkek çopan ýagşydyr" diýip. Täze baýan garyplardan diňe gaça dursaň utarsyň. Ýogsa, hökman hapasyny çyrşar."