Meniňki däl, Woloşiniň pikiri
Adam aýtdy:
"Syýasat bir hapa iş: oňa gan dökmekden hem gaýtmaýan, jeset söwdasyny edýän we hapa görse satyn alýan praktiki adamlar gerek... Ýöne saýlawçylar ýurtda üç ýüz çemesi kezzap bilen dogruçyl hökümet gurup boljagyna şindem ynanýar." Bu ýarpy ömrüni XIX asyrda, galanyny XX asyrda ýaşan Maksimilian Woloşiniň pikiri. Meniň pikirimdir öýdüp, ar aljak bolup ýörmäň. Ýöne boýun alýan, ony rusça okadym, göwnüme ýarady we türkmenler hem bilsin diýip, näçe gorksam-da, terjime etdim. Bagyşlaň, hiç kimiň göwnüne degmek islemedim, meni arkamdan urup öldürjek bolmaň, ýa-da töhmet atyp, özüňizi aklamak üçin Woloşiniň pikirini tassyklamaň!?"