Adamyň beýnisi
Adam aýtdy:
"Adama düşünmek hem aňsat, hem kyn. Onuň önüp-ösen ýurdy, SSSR dargady, gulluk eden partiýasy ozal öz ezen halkynyň gününe düşdi. Emma demokratiýa we adam hukuklary, halkynyň azatlygy ugrunda göreşip, telefonda dagam Staline garşy bir söz diýseň, ýüzňi-gözüňi dyrnaçaklaýjak bolýar. Telefony goýup, beýle intelligente sowet döwründe duşamnyňa şükür edýärsiň. Oh-ow, Staliniň günäsi bilen gyrlan, dul galan naçarlary, ýetim galan çagaglary, maýyp bolup, ölýänçä ejir çeken adamlary, garyplygy, gedaýçylygy nädip inkär etjek? Şol bir wagtda onuň özüniň ýigrime golaý iň soňky derejelerde gurlan kaşaň daçasy, ýüzläp hyzmatçysy, goragçysy bolupdyr, döwletiň puluna her gün diýen ýaly meýlis gurapdyr. Soň ýok etjek egindeşlerini lül-gammar bolýançalar içiripdir... Her aýda şol wagtky "Pobeda" maşynlarynyň ikisini alyp boljak aýlygy bar eken, emma hiç wagt ýetime-ýesire, uruş maýybyna ýa beýlekä, goranmak gaznasyna ýa fronta bir köpük pul geçirmändir. Özüň bilýäň-ä, tylda adamlar, çagalar nähili işledi, nähili açlyk çekdi, emma şaý-seplerini ýygnap, fronta kömek diýip berdiler. Gyzy ýazýar, kakam bir köpük pul sowmazdy, hemme zat döwletiň hasabynady, onuň hyzmaty, goragy üçin ummasyz döwlet serişdesi harçlanýardy diýip... "Ýok, bu gürrüňler ýalan propaganda, Stalin bir şinel, bir ädik, bir şybyk bilen geçdi dünýeden, diňe watan üçin ýaşady" diýýär. Iň gynançly ýeri, saçy-sakgaly agarsa-da, kommunist propagandasyndan çykyp bilmeýän, kommunist ertekilerden el çekmek barada pikir etmäge hem gorkýan oppozisioner halkyny azatlyga çykarjakmyş, täze dörän stalinjikleriň zulmatyndan halas etjekmişin. Haýp, oňa ynanyp, garaşan adamlar hem boldy..."