Surat

Ýazyjy ýazmaly, okamaly...

Adam aýtdy:

"Konstantin Paustowskiý "ýazyjy ýazmaly, okamaly, örän rahat we oýlanyşykly ýaşamaly, howlukmaly däl" diýipdir. Şeýle-de ol adamlara örän hoşniýetli bolmagy, ýöne olary içerki durmuşyňa ýakynlaşdyrmazlygy ündäpdir. Ýazyjy bor-bolgusyz zatlary betbagtçylyga öwürmezligi, gykylyk turuzmazlygy, erkin ýaşamagy, özgeleriň duýgy azatlygyny sylamagy, adamlary "üçünji elden" ýazgarmazlygy we olara öz şahsy duşmançylygyň üçin ähli günäni ýüklejek bolmazlygy maslahat beripdir... Şeýle-de ol edebiýatda, sungatda ýoň bolan zatlara kowalaşmaň diýipdir. Edip bolsa, alyp bolsa, gowy maslahat berýän adamlar bar. Mesele, olaryň öz beren maslahatlaryna eýerip-eýermänliklerinde däl, seniň olardan peýdalanyp bilmegiňde."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024