Palçylara mynasyp adamlar

Adam aýtdy:

“Bile okapdym, sowatly oglandy. Gelni hem kursdaşymdy. Ikisem dogruçyldy, bahalaryny halallap alardylar, gowy bahany gysganýan ýa para almagy gowy görýän kejeňek professorlar bilen dikleşmekden gorkmazdylar. Köp okardylar. Neresse, başlygy bilen oňuşman, töhmet esasynda türmä basyldy, şol ýerde hem gümürtik ýagdaýda ýogalypdyr. Giç eşitdim, kyrky geçip gidipdir. Ýöne onda-da, studentlik ýyllarymyzda öýlerine birki gezek baramsoň, kakasyna göwünlik bereýin, yzy ýarasyn diýeýin diýip, garry öýlerine bardym. Özi okuwy gutaryp, şäherde galypdy, maşgalasy Aşgabatda ýaşaýardy. Baryp, ilki ruhy taýdan çöken, gürlemän oturan kakasyna gynandym, soň doganlarynyň halyna, pikir-düşünjesine gynandym. Olary diňleseň, ýurtda dörän agyr ýagdaý, KGB-türme sistemasy däl, dogruçyl adamlary her edip, hesip edip türmä basýan hökümet däl, ölen kursdaşym günäkär bolup çykýar. Ilki diýenlerini etmän, okuwçy gyza öýlenipdir, soň oba gelmän, şäherde galypdyr. Gelniniň gepine gidip, köp pul gazanmak üçin, başlyklaryň gaňryşyna gaýdypdyr... Aý, garaz, dostum hakynda öz maşgalasynda edilýän gürrüňleri eşidip, agzym-burnum gyşardy, gözüm çaşardy. Ahyrynda-da kiçi inisi maşynyma çenli ugradyp, pal atdyrdyk, agamy gelni doga berip öldüripdir, şeýdip puluna, jaýyna eýe boldy, bize bir zadynam bermedi diýdi. Ýolda pikir etdim. Bu ýurtda dogruçyl, hakykat üçin göreşýän sowatly ogullar öz ene-atasyna, doganlaryna gerek däl, ile nädip gerek bolsun? Adama öz doganlary düşünmese, il nädip düşünsin?.. Ýok, bu adamlar gowy durmuşa, ösüşe mynasyp däl, palçylara, doga berýän bisowat, açgöz mollalara mynasyp...”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024