Garagyzyň gara ýoly
Adam aýtdy:
"1970-nji ýyllaryň aýagynda Aşgabatdaky 26-njy mekdepde okap, soň uniwersiteti gyzyl diplom bilen tamamlap, 16 ýyl mugallym bolup işledim. Indi-indi pikir etsem, millet bozulanda, mugallymdan bozulýan ýaly. Ýogsa käbirleri "beýik türkmen parahorlugynyň gözbaşynda milisiýa, saglyk işgärleri durýar" diýýär. Belki, bu diýilýäniň hem jany bardyr. 4-nji klasdan başlap, 8-nji klasy gutarýançam, Garagyz diýip bir klas ýolbaşçym boldy. Gürrüňini etseň, giden bir dessandy. Ilki ýadyma düşýän zat onuň ejemi özüne borçly, bergili etjek boldy. Göz öňümde dur, ejem birinji çärýekden soň bolýan ene-atalar ýygnagyna gelende, kiçi jigim hem goltugyndady. Ol Garagyzdan "meniň gyzym nähili okaýar?" diýip sorady. Ol pikirlenen boldy-da: "Edebiýatdan gowy, ýöne matematikasy gaty gowşak, mugallymyndan sorap, zordan üçlük goýdurdym" diýdi. Ejem meniň ýüzüme soragly seretdi. Men mugallym adamyň göz-görtele ýalan sözlemegine çydap bilmedim: "Ýook, ol-a dogry däl, Üwdiýewa mollum maňa şu gezek dörtlük goýdum, indiki çärýekde bäşlik alarsyň diýdi ahyryn!" "Hä, şeýlemi, men onda başga biri bilen çalşyrandyryn-da" diýip, Garagyz mugallymyň ugry bolmady. Ýadymda, çagalar täze eşik, aýakgap alynsa, mekdebe geýmäge gorkardylar. Ol delräk zat görse, hökman özüne hem tapyp bermeklerini sorardy. Bir gezek kakam iki sany ýaglyk getirdi. Biri maňa, beýlekisi gyz jigime. Ejem pahyryň mekdebe täze ýaglygymy daňnyp gitjek bolamda, "Garagyz sorasa, kakam ýekejesini getirdi, özüm daňynjak, berip biljek däl diýgin" diýip, berk tabşyryşy şu günki ýaly ýadymda. Diýşi ýaly hem etdim. Ondan soňky ýyl kakam, inisini öýerende eden bergisini ýeňletmek üçin Orsýete syýahata gidip, satmak üçin iki kişilik mata getirdi. Ejem ol matany iki bölüp, bazara çykardy. Emma olaryň biri uly adam üçin köýnek bolardan gysgarak boldy, bazarda geçmedi. Ahyry ony maňa köýnek etdiler. Mekdebe geýip barsam, Garagyz sorap alyp barýar: "Waý, üýtgeşik mata eken, nireden aldyň?" diýip. Kakam getirdi diýdim. "Waý, maňa-da galmadymy?" "Ýok, diňe şu." Biçeňizde bir bölejik, ýaglyklyk dagam galmadymy?" Men etegimi galdyryp görkezdim, "Epini hem şujagaz, hiç zat galmady" diýdim. Soň bir klasdaşym jygyllykdan bäş manatlyk ýaglyk alyndy. Garagyz ondan ýaglygyny sorady, ol jygyllykdan alandygyny aýtdy. Garagyz: "Ýa kelläňdäki ýaglygy maňa ber ýa-da ejeň maňa-da birini alyp bersin, meniň jygyllyga gitmäge wagtym ýok" diýdi. Joram görgülini üç-dört gezek okuw wagty ejesiniň üstüne iberip, ahyrynda onuň kellesindäki bäş manatlyk ýaglygy üç manada alany ýadymda. Joramyň ejesi ýadap, "ber-de dyn, kellämi iýdi o heleý" diýipdir. Ýöne şondan soň onuň biri baga bakan goýnuny öldürse-de eşidip, "maňa-da bir dogramça dadyryň" diýip, okuwçyny goýman ýörşüni az görmedim. Bir joram bolsa soň-soňlaram Garagyz ýatlansa, "Ejeme goýun eti bolanok diýip, käte göle etini alýardyk, birinden eşidipdir, Garagyz "maňa-da bir kakmaçlyk getiriň" diýip goýmady. Ejeme kän zat galjak däl diýip, özümiz dadyp hem bilmedik" diýip zeýrenerdi. 8-nji mart onuň üçin kalendardaky esasy günleriň biridi. Ol bu güne öňünden taýýarlyk görerdi, özüne gerek zadyň sowgat berilmegini gazanmak üçin, özi ýaly bir mugallym bilen bile, "oýlanyşykly" plan düzerdi. Ol mugallym gelip, Garagyzyň ýolbaşçylyk edýän klasy bilen mugallyma alynmaly sowgadyň maslahatyny ederdi, Garagyz baryp, onuň ýolbaşçylyk edýän klasynyň okuwçylary bilen maslahat ederdi. Bir ýyl direktor ýygnak edip, 8-nji martda okuwçylardan sowgat almazlyk barada berk tabşyryk beripdir. Biz muny Garagyzdan eşitdik. Ol 8-nji martdan on gün çemesi öň "bu ýyl mugallyma sowgat almak üçin pul ýygnajak bolmaň, ene-atalar arz edipdir" diýdi. Ejesi mugallym bolup işleýän klasdaşymyz pyşyrdap, direktor 7-nji mart güni işden gaýdylanda, mugallymlaryň sumkasyny barlatjak diýipdir, şondan gorkýar diýdi. Biz begendik. Emma begenjimiz uzaga çekmedi. Garagyz mugallym iki-üç gün soň, "eger mugallyma sowgat beresiňiz gelse, 7-nji martda däl-de, birki gün öňünden beräýiň" diýdi.... Soň ýurtda Garagyzyň ýoluna eýerýän köpeldi. Bu ýol tas hemme ugurda sowet açlygynda, ýetde-gütde aýlykda gün görmegiň esasy çykalgasyna öwrüldi. Soňabaka ol pul, para görnüşine geçdi we ulaldy. Adamlar degşen bolup, täze işe girene "aýlygyňy aýtma, günlügiňi aýt", ýagny daşyndan düşýäninden gürrüň et diýerdiler. "Daşyndan bir zatlar düşýärmi ýa gaty aýlyk bilen oňýarmyň?" diýip, göni sorardylar. Gaty aýlyga oňmaly diýseň, "günüň gün däl ekeni onda" diýip, nebsi agyrýandan bolup gülerdiler, işleýän işiňi ýaňsa alardylar. Şeýdip, has ýeserler daşyndan düşýän işe pul berip, mal berip geçip başladylar. Halk parahorlugy, ogurlygy, ownuk-uşak gyrp-çyrpdan başlap, uly talaňçylyklara, döwlet opurylyşygyna çenli, düşewüntli iş diýip" aklady", olar hakynda gürrüň gozgamak, olary tankytlamak aýyp zada, belki-de göriplige, içigaralyga öwrüldi. Sebäbi bu biznesmişin, azat bazar ýolumyşyn. Ine, indi ýurt tas otuz ýyl bäri özüne "Ýoluňyz ak bolsun!" diýip, Garagyzyň gara ýolundan barýar. Bu ýol kim üçin ak, kim üçin gara, kellesi barlar, gözi barlar, dili barlar pikir etmese, soň gaty giç bolmagy mümkin."