Uruşda ölen 42 million näme?
Adam aýtdy:
"Dogrusyny aýtsam, orusça okamagymy goýanyma ýigrimi ýyldan gowrak boldy. Ýöne kärdeşlerim käte feýsbukda rus ýazyjylarynyň käbiriniň aýdyp ýetişen pikirlerini paýlaşanda, olaryň öz wagtynda okamanyma, bilmänime gynanýaryn. Birki günlükde Daniil Granininň 2017-nji ýylyň 8-nji maýynda žurnalist bilen eden söhbetdeşligini okadym. Eger çap etdirip bolsa, ony türkmençä terjime edip, döwlet eýeçiligindäki türkmen neşirleriniň ählisine ibererdim. Onuň aýdan zatlarynyň diňe bir bölegini paýlaşýaryn: "Hasap 7 milliondan başlap, 42 milliona ýetdi. Ýuwaş-ýuwaşdan, elbetde. Onýyllyk yzyna onýyllyk geçdi. Stalin döwründe bir, Hruşew döwründe başga, Brežnew döwründe üçünji, Ýelstin döwründe dördünji hasap bardy. Her täze gelen hökümdar azajyk-azajykdan üstüni ýetirdi. Onsoň birden häzir aýylganç bir görkeziji peýda boldy. Ýöne bu-da hemmesi däl. Biz maýyp adamlary, dul aýallary, ýetimleri, atasyz ulalmagy hasaba almaýarys. Munuň üstüne onlarça ýyllap ýakamyzy goýbermedik garyp-pukaralygy, weýrançylygy hem goşmaly. Bularyň ählisiniň sebäbi uruşdy. Henize-bu güne çenlem saklanyp galan zatlar bar. 42 million näme? Bu san däl. Bu diri galanlar üçin ýalňyzlyk... Stalin bir gezegem ölenlere "ýatan ýeriňiz ýagty bolsun" diýmedi, janyny pida edenlere sagbolsun aýtmady. Ýogsa ol ölenleriň 7 million däldigini bilýärdi. Belki-de ol wepat bolanlaryň doly sanyny bilen däldir, ýöne olaryň has köp bolandygyny bilýärdi. Emma uruşdan soňky kabul edişlikde ol wepat bolanlar barada hiç zat aýtmady. Olary ýatlamady. Olaryň hatyrasyna içmedi. Olaryň hatyrasyna söz aýdylmady. Bu bagyşlap boljak zat däl. Biz halkyň iň gowy bölegini ýitirdik. Hüjüme giden şolardy. Olar tylda işlän, partizançylyk eden adamlardy..."