Tutulmadyk janawaryň derisi

Adam aýtdy:

"On-on iki ýyllykda birine geň galypdym: "Pylany ýurtdan men ilki çykdym diýen bolýar, emma ilki çykan hakykatda men" diýip, jibir-jibir edýär. Ýogsa, olaryň çykan wagty, gorky-ürki bolsa-da, edil gara başlaryna howp salyp duran zadam ýokdy. Ilki, ýurtdan ilki çykmak ýaryşy yglan edilip, biz habarsyz galdykmykak diýip oýlandym. Soň onuň muny özüme kakdyrýan bolmagyny, ýagny sen dagy näme, ýurtdan ýaňy çykdyň, biz bireýýäm çykdyk, sebäbi ol ýerde ýaşap bolmajagyna senden kän öň düşündik diýjek bolýanyny çen-çak etdim. Alty-ýedi ýyl soň bir kärdeşim onuň daşary ýurtda ulalan çagalaryny nazarda tutup, öýde dört sany prezidentlige kandidat bar diýýänini gürrüň berdi. Bäh, bu gürrüň tutulmadyk aýynyň derisine syrygýan ýaly-la diýdim. Indi biri men ýurtdan ýaňy çykdym, iň soňundan çykdym, beýlekiler birwagt çykdy, olar häzir Aşgabada eltseň, nirä gitmelidiginem bilmez, men bilýän diýip döşüne kakýar. Bu gezek bu sözüň aňyrsynda haýsy aýynyň derisiniň ýatanyna bada-bat düşündim. Geçä jan gaýgy, gassaba ýag diýleni. Tutulmadyk janawaryň derisi adamlary däli etmese ýagşy!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024