Tiredeş howpy
Adam aýtdy:
"Millet bolup bilmedik tire-taýpa jemgyýetinde ýaşasaň, biraz medenileşen ýurtlarda öňe çykanyňdan has howplydyr. Sebäbi beýleki tire-taýpalaryň wekilleri seni bäsdeş hasaplap, öňüňden ýa yzyňdan çukur gazsa, golaýyna geleňde çukura iteklemek üçin bir ýa iki adamy bukuda taýýar edip goýsa, öz tiredeşleriň hem öňüňden, hem yzyňdan çukur gazyp, her çukuryň ýanynda üç-dört adamy bukuda goýar, üstesine çukuryň içinde ýokary tarapyndan ýiti uç çykarylan gazyklary hem dikerler. Sebäbi öz kelläň bolsa, sen öz tiredeşleriňe iki esse bäsdeş bolup görünersiň."