KPSS ýatlamasy

Adam aýtdy:

"1980-nji ýyllaryň ortasynda, 1990-njy ýyllaryň başynda birden asmandan inen mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurdumyza söz azatlygyny birki ýyla galman getirýäjek bolýardyk. Emma öňümizden kän päsgelçilik çykdy. Adamlar aç-açanlygy, metbugat azatlygyny o diýen islemeýärdiler ýa-da ondan gorkýardylar. Azatlyk sözi esasan ýokary wezipelerde işleýänleri gaty gorkuzýardy. Şeýlelikde, ilki tele-radio gepleşikleri komitetiniň başlygy, soň üçünji sekretar bolan Serdar Rahymow biziň Maýa Mollaýewadan soň iň halamaýan adamlarymyzyň birine öwrüldi. Elbetde, onuň arkasynda kimiň we nämäniň durandygyny bilýärdik, ýöne Moskwada okap gelen žurnalist kärdeşimiziň özi hem erkinlik isleýän žurnalistleri kösemekden lezzet alýan ýalydy. Şu gylygy hem ony ideologiýa başlygynyň kürsüsine çykarypdy. Onsoň ol bir gün bizi, birnäçe ýaş žurnalisti köşkdäki kabinetine, söhbetdeşlige çagyrdy. Bardyk. Işiginiň agzynda garaşyp otyrys. Sekretar gelin başlygynyň häzir öz başlygy bilen telefonda gürleşýändigini, biziň garaşmalydygymyzy aýtdy. Tejribe sebäpli, bu hili ýere çagyranlarynda gapyda mazaly garaşdyryp, içiňde sähel gorkyň ýa müýnüň bolsa, esli wagt özüňi özüň iýer ýaly edýändiklerini, sowet-kommunist gynag usullaryny gowy bilýärdik. Kärdeşlerimiň biri, sekretar gelniň türkmençe bilmeýändiginden peýdalanyp, bize gözüni gypdy-da, Serdaryň gapysyna ümläp, "şuny çaltrak kabul eder ýaly edeýinmi?" diýdi. Biz baş atdyk. Ol sekretar gelne ýüzlendi: "Siz KPSS-iň täze manysyny eşitdiňizmi?" diýdi. Ol ýylgyrdy-da: "O nähili, KPSS KPSS bolar-da, onuň nähili täze manysy bolsun?" diýdi. "Ýok, indi KPSS-e Kommunistiçeskaýa Partiýa Sowetskogo Soýuza diýip düşünmeli däl, Komitet Protiw Serdara Seýitmuradowiçe diýip, düşünmeli, ýaş žurnalistler geçen hepde şeýle komitet döretdiler, eýýäm onuň 100-den gowrak agzasy bar" diýdi. Sekretar gelniň gözleri tegelendi we ol tarsa turup, başlygynyň kabinetine ylgady. Şondan soň Serdar Seýitmyradowiç bizi uzak garaşdyrman kabul etdi, ýöne onuň şol gezek biz bilen näme gürrüň edeni ýadyma düşenok. Bir ýadymda galan KPSS. Indi düşünýäris, şol wagt ol diňe bize däl, il-gün bilen bile özüne-de türmejik gurýan eken."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024