Ýokdan gowy
Adam aýtdy:
"Magtymguly Pyragynyň "Ýigidiň bolmasa ýaragy, aty,/Şuny belli biliň, ýokdur gaýraty" diýen setirini eşitmedik türkmen az-azdyr. Emma gynansak-da, il öňüne çykyp, şu setiri hem dogry aýdyp bilmeýän, ýoýup aýdýan adamlar bar. Şol bir wagtda-da olar özlerini sowatly, bilimli hasaplaýarlar. Elbetde, her kim özüçe pikir edip-de, özüne ynanyp-da biler. Belki, özüňe kembaha garap, egniňi gysyp ýöreniňden, özüňe ýokary baha bermek has gowudyr? Biljek däl. Käbirleri bu dünýäniň derdi bilmeýänleriň bilmeýänini bilmän, özüne aşa ynanmagynda, bilýänleriň bilmeýänini bilip, aşa çekinjeňliginde diýýär. Türkmen nakylynda bu ýagdaý "Sag sagynýança, däli ogluny iki öýerer" diýip düşündirilýär. Döwleti, kanun edaralaryny ikilikçileriň, utançsyz we iň açgöz adamlaryň eýelemegi hem şunuň ýaly bir zat bolsa gerek. Ýöne indi atly, itli gürrüňlerden peýda bolmazmyka diýýän. Has anygy, at-ýaragyň döwri öňräk geçdi, at-ýaragyň öňünden tank bilen, dikuçar bilen çykyp, ýokardan pürreläp bolýar. Bolşewikler bir wagt, at-ýarag bilen çykan adamlary şeýdip, ýokardan ýa uzakdan atyp gyrdylar. Indi bu setirleri "Ýigidiň bolmasa bilim-sowady,/Şuny belli biliň, ýokdur gaýraty" diýip düzetmeli. Bilim-sowat bolsa, ilki öz hakyňy, soň beýleki adamlaryň, il-günüň hakyny bilmekden, prezidentiň ýa beýleki bir emeldaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäginden çykyp, il-güni basgylamagyna ýol bermezlik üçin wagtynda, näçe ir bolsa, şonça gowy, sesiňi çykaryp bilmekden ybarat. Eger hakyňy bilip-de, ýokarda birleriniň eden-etdiliklerine göz ýumup, diňe öz bähbidiň ugrunda çapsaň, soňky gün döwlet terrory öz başyňdan düşende, saňa kömege gelip biljek az bolar. Iň beteri, soňky gün sen hak-hukuk gürrüňini edeňde, ynanýan az bolar. Ýöne şonda-da birleriniň hak-hukuk gürrüňini edeni gowy. Belki, bu ozaly şol gürrüňleri edýänleriň öz gürrüňlerine, halkyň dogrudanam hukugynyň bardygyna düşünmeklerine alyp geler. Ýokaryk çykanyň edenini edip ýörmeli däldigine, döwlet terroryna dur diýilmegine azajygam bolsa, täsir eder. Megerem, ýokdan gowy diýilýäni şudur."