Leniniň adalaty
Adam aýtdy:
"1990-njy ýyllaryň başynda öňki kommunistler elleriniň ýeten ýerinde döwlet emlägi diýilýäni talamaga başladylar. Şol wagt köpçülikde ýa özara gürrüňçilikde ogurlyk, talaňçylyk sözüni ulansaň, wezipeli adamlaryň tas ählisi gaty görýärdi. Indi görüp otursam bu bolşewiklerden, olaryň serdaryndan gaýdýan eken. Şu gün 1922-nji ýylda ölüm jezasyna höküm edilen şepagat uýasy Warwara Brusilowanyň pajygaly ykbaly hakyndaky makalany okadym, ol pahyr Lenine hat ýazyp: "Özüni rus rewolýusiýasynyň serdary atlandyran adamdan soraýaryn: siziň rewolýusion suduňyzy ganly öç almakdan başga näme diýip atlandyrmaly?" diýip sorapdyr. Şondan soň onuň ölüm jezasyny ýatyrypdyrlar, ýöne ol 15 ýyl soňra sowet türmesinde ölüpdir. O pahyryň bar günäsi dine ynanmak, hudaýa uýmak we adamzada hyzmat etjek bolmak bolupdyr. Ol ybadathanany talap duran bolşewikleri görüp, tanşynyň ýanynda muny "talaňçylyk" diýip atlandyrypdyr. Elbetde, bolşewikleriň kanunçylygy muny hakykat diýip däl-de, özlerine garşy agitasiýa diýip kabul edipdirler. Sud edilýän 7-nji maýda sözlän sözünde "Siziň hökümiňizi rahat garşy alýaryn, sebäbi meniň dini ynanjyma görä ölüm ýok... Men rehim ýa geçirimlilik soramaýaryn..." diýip ýazypdyr. Warwara Brusilowa sowet hökümeti tarapyndan üç gezek azatlykdan mahrum edilipdir. Emma muňa garamazdan, ol öz dini ynanjy esasynda, ölüm jezasyna düýbünden kabul etmändir. I Jahan urşy döwründe şepagat uýasy bolup, soň rugsat berlende gözenegiň aňyrsynda hem işlemek bilen, mydama adamlara peýda getirmäge çalşypdyr. "Geçen asyryň 20-nji ýyllarynda onuň ady köplere mälimdi, ýöne häzirki wagtda ony bilýän az; Warwara Brusilowanyň garyndaşy hem ýokdy, kiçijik ogly tussaglykda wagtynda öldi. Onuň jenaýat işine çatylan ýekeje suraty bar" diýip, makalada aýdylýar. Indi diňe ozalky kommunistleriň arasynda däl, dindar bolan bolýanlaryň arasynda hem hakykatda hudaýa jinnek ýaly ynanmaýan adamyň şeýle köp bolmagynyň sebäbine düşünýärin. Bolşewikleriň esasy uly hyzmaty dinsiz, imansyz, dilinde bir, ýüreginde başga zat bolan adamlary köpeltmekden ybarat bolupdyr. Megerem, biz Lenine şu hyzmaty üçin minnetdar bolmaly..."