Surat

Söz azatlygynyň bäş basgançagy

Adam aýtdy:

"Söz azatlygy barada ilkinji gezek 1980-nji ýyllaryň ortalarynda eşitdim, ondan öň beýle zatdan habarym ýokdy. Soň görüp otursam, başgalaram menden gowy däl eken. Ýöne häkimiýetler derrew bu düşünjäni bogmaga, demikdirmäge we öldürmäge başladylar. Sebäbi bizde agzybirlik bolmalydy, bu diňe bir adamyň we ony öwýänleriň söz azatlygyny aňladýardy. Kötek güýçli bolsa, ýüň gazyk ýere gider diýleni. Üstesine, sowet tejribeleri hem öz işini bitirdi, millet entek bolşewikleriň, kommunistleriň ýok eden adamlaryny unutmandylar. Şeýlelikde, biziň halkymyz üçin söz azatlygy ýene onlarça ýyl yza süýşürildi. Şu aralykda, bagty gelip, ýurtdan çykanlar hem boldy. Emma olaram, biri-ikisi bolmasa, köplenç söz azatlygyna gelip bilmedi, ondan, golaýyna barsa dişlejek ýaly, başarsa agça durdy. Ýogsa olar baran ýerlerinde gördüler, 'çüýreýän' kapitalizmde adamlar köp zady çekinmän aýdyp, diýip durdylar, metbugat köp derejede erkindi. Soň internet döredi, sözüňi, pikiriňi aýtmak mümkinçiligi hasam giňedi. Emma bu-da biziň söz tussaglygyndan çykan adamlarymyza kän täsir etmedi. Onsoň, söz azatlygynyň, açyk aýtmagyň ýa ýazmagyň ýok ýerinde gep-gybat, myş-myş köpelýär. Biziňkiler baran ýerlerinde hem şol öňki myş-myş medeniýeti bilen ýaşamaklaryny dowam etdirdiler. Emma bu olaryň gatnaşyklarynyň sagdynlaşmagyna kömek etmedi, aralarynyň açylmagyna, agyzlarynyň has alarmagyna welin köp kömek etdi. Onsoň käbirleri internetde açyk gürlemegi, açyk ýazmagy, aýdylan, ýazylan zatlary açyk ara alyp maslahatlaşmagy, söz azatlygynda ýaşamagy, başga pikiri sylamagy, başga pikire çydamlylygy, bir-biregi kemsitmän gürleşmegi öwrenmegi teklip etdi. Emma bu teklip hem ýyllap işlemedi. Ahyry birleri internetde açyk gürlemek kararyna geldi. Ýöne başda nämeden başlajaklaryny bilip bilmediler, sebäbi edilmeli gürrüň gaty kändi. Başda mesawy gürrüňler boldy. Bu, belki, biziň erkinlige çykan adamlarymyzyň köplügi üçin söz azatlygynyň birinji basgançagy boldy. Soň olaryň käbiri daş-töwereklerine seretdi, gördi, çykyp gürrüň edenleri bilen asman inip, ýer çöwrülenok. Iň esasysy bolsa, gapyny kakýan KGB hem ýok. Muňa derek, ondan-mundan 'berekella' eşidilýär. Onsoň olar biraz ýüreklendiler. Ozal hökümet tarapyndan garalanan, öňki resmi-pylan diýilýänler ilki biraz özlerini aklamaga çalyşdylar. Soň esasan 'men-menlik' başlandy. Bu, belki-de, biziň dilimizdäki internet söz azatlygynyň ikinji basgançagydyr. Emma 'men-menlik', olaryň käbiri bir-biriniň goltugyna garpyz baryny gysdyran hem bolsa, kän netije bermedi, 'sen-sen' diýen köp bolmady. Onsoň, söz azatlygynyň tagamyny alanlaryň käbiri başga birlerinden aslyşyp gördi, gaýtawul bolmasa, şyltak atdy. Bu kähalatda, gatyrak gitseler, söz azatlygyna täze gelenleriň arasynda 'aýyplama' atyşygynyň turmagyna getirdi. Elbetde, araçylar tapyldy, ýöne bu ýagdaý olaryň söz azatlygyny alan režimden başga-da 'garşydaş' tapmagyna ýa-da öz mümkin bolan bäsdeşini belli bir derejede tanamagyna kömek etdi. Men muny üçünji basgançak diýip atlandyrýaryn. Internet söz azatlygynyň dördünji basgançagy dyzamak, haýbat atmak boldy. Ýagny, ilki mesawy gürrüň eden, 'men-men' diýen, başgalaryň aýagyndan aslyşmaga çalşan adamlaryň käbiri başga birlerini anyklaşdyrylmadyk, emma söz azatlygyna garşy agyr jenaýatlarda aýyplap, haýbat atdy, gorkuzmaga çalyşdy. Ýöne internet söz azatlygynyň bäşinji basgançagy has-da özboluşly boldy: uzak wagtdan soň ahyry söz azatlygyndan peýdalanmak kararyna gelen 'öňdebaryjylaryň' käbiri heniz açyk gürlemäge taýýar bolmadyk ildeşleriniň atsyz, tutynyň arkasyndan gürlemegine hem şert döretdi. Onsoň, olaryň käbiri yzda galan ildeşlerine ýüzlenip, taryhda galjak sözleri aýtdy: 'Siz, näme, erkek dälmi? Erkek boluň, çykyň, içiňizde gemre baglap ýatan sözleri aýdyň-da! Ýa size derek başga biri başyny etegine salmalymy? Şeýdip, heleý bolup ýaşajakmy, heleý bolup öljekmi?..' Elbetde, bu gülkünç, şol bir wagtda-da gaty gynançly. Sebäbi biz henizem şol 80-nji ýyllarda durus, geçilmeli ýol gaty uzak..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024