Surat

Taryh talaňçylygy

Adam aýtdy:

"Wladimir Putin II Jahan urşunyň gutaran senesini üýtgetmek baradaky kanuna gol çekipdir. Ozal rus kanunçylygynda bu sene 2-nji sentýabr diýlip görkezilipdir, sebäbi şol gün Ýaponiýa tabyn bolupdyr. Emma Orsýetiň täze kanunynyň awtorlary 2-nji sentýabrda gol çekilen şertnamanyň SSSR-de 3-nji sentýabrda yglan edilendigini aýdýarlar. Netijede, dünýäde II Jahan urşunyň gutaran güni 1945-nji ýylyň 2-nji sentýabry, Orsýetde 2-nji sentýabr boldy. Aňrysyna seretseň, bu Demirgazyk Osetiýadaky Beslan pidalarynyň 3-nji sentýabrda bellenilýän Hatyra gününe salynýan talaň bolup görünýär. 2004-nji ýylyň sentýabr aýynyň başynda Beslan şäherindäki mekdepde zamun alnanlar rus howpsuzlyk güýçleri tarapyndan azat edilende, ol ýerde 334 adam wepat boldy, olaryň köpüsi çagady... Beýik döwlet çagalaryň hatyra gününe talaň salarmy? Ozalam bir özüni beýik atlandyrýan biri, Kremldäki agalaryndan gorkusyna, Gökdepede basybalyjy duşmana garşy durup ölen ildeşleriniň Hatyra gününi başga senä geçirip, ýurt garaşsyzlygynyň gününi üýtgedip, has beýgelipdi. Dünýä taryhy öz aýbyny ýapmak üçin ulanýan beýiklerden haçan dynarka? Belki, hiç haçan dynyp bilmez. Sebäbi adamlar zalym häkimiýetiň öňünde köplenç ikiýüzlüligi saýlap alýarlar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024