Milletiň öz gelen ýeri
Adam aýtdy:
"70-nji ýyllaryň aýagydy. Obadan gelip, uniwersitetde okaýardym. Salym gowşakdy, sebäbi bilmeýän zadymyň kändigini bilýärdim. Emma ýarym ýyl okap, girişden soňky ilkinji ekzamenleri tabşyryp başlamyzda, bahalarymyň ählisi bäşlik boldy. Dogry, ekzamen başlanda, dekan gelip, ekzamen alýan mugallymyň öňündäki sanawy alyp, gowy baha goýmaly studentleriň, ýagny öz hossarlygyndaky oglan-gyzlaryň atlarynyň gapdalyndan galam bilen bellijek edip gidýärdi. Her gezek irden giremsoň, dekanyň ekzamende oýnaýan roluna derrew göz ýetirdim. Muňa beýleki studentler hem düşünýärdiler. Arkaly studentler bolsa, arkalaryny gizlemekden geçen, oňa buýsanýardylar. Ilkiler muňa geň galardym. Bir gezek ýokarky kursda okaýan gyzlaryň biriniň ekzamenden ýykylyp çykyp, koridorda aglamjyrap, çyny bilen zeýrenişine şaýat boldum. Ol biz okuwa başlamyzda ýogalan professoryň adyny tutup, ekzamen alan mugallymyň eýýäm onuň ýoklugyndan peýdalanýandygyny, geçen ýyl şondan gorkup, özüne bir agyz gürlemese-de bäşlik goýandygyny 'ýüzüne basýardy'. Şol wagt oňa içinden duýgudaşlyk edýänler hem az däldi, muny studentleriň ýüzünden görüp bolýardy. Bir gowy tarapy, her gezek ekzamen tabşyraňda, auditoriýada azyndan 3-4 student bolansoň, kimiň dekanyň hossarlygynda gowy baha alýanyny ýa-da öz güýji bilen alýanyny hemmeler bilýärdi. Ol döwürde tanyş ýa pul bilen baha almaga gysgaça 'bomba' ýa-da 'bombalamak' diýerdiler. Soň seredip otursam, bu jemgyýetiň aşagynda goýlan 'sagatly bomba' ýaly bir zat eken. Okuwy 'gyzyl diplom' bilen gutarsam-da, bilmeýän we bilip, öwrenip bilmejek zadymyň kändigini örän gowy bilýärdim. Ýöne birki ýyl işlänimden soň, bilmeýänini bilýänleriň däl, ähli zady bilýändirin öýdýän, öňem bir gezek bu dünýä gelip giden ýaly gürleýän diplomly adamlaryň juda kändigine, olaryň tas ähli ýeri eýeländigine göz ýetirdim. Bu hili 'intelligentler' okajak, biljek, düşünjek bolýanlara gülýärdiler, delräk pikir aýdany ýa sorag bereni ýaňsa alýardylar, mümkin bolsa utandyrjak, belki-de özlerine goşjak bolýardylar. Umumy sürä goşulmak üçin, eýýäm tas adat bolşy ýaly, başlyk bilen hemme meselede pikirdeş bolmalydy, edep saklamalydy, özüňden öň işläp ýörenlere garşy çykmaly däldi, täze bir zat etjek bolup, 'hokga çykarmaly' däldi, kän teklip hem etmeli däldi. Bir zatlary üýtgetmek pikiri däl, hatda pikirinde gözleg, agtaryş edýän adam hem olar üçin oňaýsyzdy, rahatsyzlyk döredýärdi. Iň esasy talaplaryň biri bolsa, olar gülende - gülmelidi, içende - içmelidi. Eger bile içseň, bile gybat hem edýärdiň, ýagny öňden gelýän düzgüne 'hä' berýärdiň. Diýmek, sen gowudyň, 'erbet ýa oňuşmazça' oglan däldiň. Bir gezek öz sylaýan ýaşulularymyň biriniň ýanynda zeýrendim. Ol bu adamzat döräp şeýledir, öňküleriň ýyrtyk ýorganyna ýa gyýma balagyna girmän, orsbalak geýjek bolan ýaly-da; biz ýaşkak, ýaşulular saçyny ösdürene-de, papak geýene-de berk käýeýärdi diýdi. Soňam güldi-de, iň erbedi aýlygyň azlygydyr, içýänlere goşulsaň, ol hasam azalar. Emma olar başga ýollara, ownuk neplerini bilmäge ökdedirler, sen ony başarmarsyň, çagalaryňy aç etmejek bolsaň, diňe işlemegi saýla diýdi. Işlemegi saýladym, ýöne olar hem 'işleýärdiler', has anygy – köpelýärdiler. Ahyrynda tas ähli ýeri bir-birini sesli ýa sessiz, aktiw ýa passiw goldaýan nepkeşler aldy, gaçmaly boldum. Indi o taýda eýle, beýle diýýärler, dagy näme bolsun diýýärin. Olar bu ýere öz aýaklary bilen geldiler. Dogry, başga birlerini hem günäkärläp bolar, sebäbi pidany pida etmeli däl. Ýöne bu kömek edermikä? Özi öz pidasy bolýanlary halas etmek başardarmyka?"