Lukmamy ýa-da lukman?
Adam aýtdy:
"Arada google arkaly bir sözi gözledim welin, Kerim Gurbannepesowyň VK-da paýlaşylan goşgulary öňümden çykdy. Kerim aganyň goşgularyny okamanyma otuz ýyl dagy bolandyr. Oglanlykda ony, Berdinazar Hudaýnazarowy köp okardym. Öňümden çykanyna görä, gözleýän sözüm duşaýjak ýaly, onuň birinji goşgusyna – "Öňde bir algylynyň bergili bilen gürrüňine" çala göz aýladym.
"Şojagaz pulumy tapyp ber, goňşy,
Gapyda odun ýok, saçakda çörek.
Hanha, çagalary özüň gör, goňşy,
Hersiniň agzyna bir lukman gerek."
"Lukman" sözünde kürtdürdim. Adam her çagasynyň agzyna bir doktoryň gerekdigini aýdýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen dilinde araplaşdyrma, parslaşdyrma ýoň boldy, netijede "lukman" hem, "nama", "talyp", "welaýat" ýaly, täze türkmen pasportyny alan gelmişek sözleriň biri boldy. Elbetde, lukman başga bir gelmişek, alynma sözüň "wraç" ýa-da "doktor" sözüniň ýerine alyndy. Ýöne gep bu ýerde lukmanda däl, gep Kerim Gurbannepesowyň hakykatda ulanan "lukma" sözüniň manysyna düşünmedik, ýagny "lukma" sözüniň agza dykylýan, iýilýän bir zady aňladýandygyny bilmeýän "redaktor" tarapyndan düzedilmeginde. Bu hili ýagdaýda, türkmen gazetlerinde redaktorlyk medeniýetiniň ösen ýyllarynda, "gaş bejerjek bolup, göz çykarypdyr" diýýärdiler. Kerim aga goşgulary ýa makalasy gazetde çap edilende, ýaltanman gelip ýa-da öýüne getirdip, heniz çykmadyk gazetiň sahypasynda öz eserini ünsli okardy, bir otur (,), bir nokat (.) ýa harp ýalňyşynyň gitmegine ýol bermejek bolardy. Hawa, indi seredip otursaň, Kerim aganyň goşgulary sowet ideologiýasynyň sazyna tans etmek, arasynda ildeşleriňe hem göz gypan bolmak ýaly bir zat. Olarda kän çuň many hem ýok. Gynançly ýeri, soňky okyjylar, onda-da Kerim aganyň goşgularyny sosial mediada paýlaşýan okyjy hem onuň şol ýönekeýje, ýasalan goşgujyklarynda oýnadýan sözlerini hem ýeterlik "tanamaýar". Muňa gynanmlymy ýa gülmeli, bilmedim."