Iliň adyndaky mesele
Adam aýtdy:
"Aşgabat. 1995-nji ýylyň aýagy. Suduň jaýynda, demir kapasanyň içinde otyrys. Arakesme. Garyndaşlarymyz ýeke-ýekeden gelip, bişiren mantylaryny, gutaplaryny berip, bizi naharlaýarlar. Ýöne sud otagynyň agzynda, kapasanyň daşynda ýaragly duran esgerler bizden has aç. Eginleri köplenç uly bolýan şinelli, aýaklary holpuk ädikli, bu golaýda sabyn görmedik ýüz-gözleri hor, elleri çorly esgerleri gören aýallar hopugyp, bizden öňürti gutaplaryndan, mantylaryndan watan goragçylaryna hödürleýär. Olaryň käsi gyssanyp, penjeläp, ösgün dyrnakly barmaklaryny içine çümdürip, şinelleriniň jübülerini mantydan, gutapdan doldurýar. Ýöne gaýgymyz esgerler däl, öz garnymyz. Adam doýsa, onda-da uzak wagta çeken açlykdan soň, ýüzi ýagtylýar. Şol aralykda, gapdalymda oturan tussag böwrüme dürtüp, ogluna ýuka saçaga dolanan tamdyr gutabyny geçirip, onuň gutap iýşine seredip duran ýaşula ümledi. Soňam pyşyrdap, tussag ýoldaşymyzyň adyny aýdyp (oňa G.Ezizowyň garyndaşy diýýärdiler), onuň kakasynyň 'gaty çökendigini', iki agyz ýyly söz aýdyp, göwnüni götersem, ataly-ogul üçin gowy boljakdygyny ýaňzytdy. Dogrusy, maslahatçym, tussaglyk, sud döwründe görüp otursam, ýüpüniň üstünde odun goýar ýaly adam däldi. Bir iş boýunça aýyplanamsoň, aýyplaw netijesi bilen tanşamda, onuň 'boýun alan' zatlaryna haýran galypdym we maşynly sud diňlenişigine getirýärkäler ilki beren soragym 'Beýle-de bir özüňe garşy işlemek bolarmy? Içerki zorlukdan başlap, gizlenýän jaýyňdan neşe tapylmagyna çenli, boýun almadyk zadyň ýog-a, oglan!' bolupdy. Ol şonda 'sen bileňok, meni ýeke adamlyk kamerada her gije üç adam bolup gynadylar, sesimi dünýä eşidendir öýdýärdim, aramyzda üç-dört kamera bar, saňa barmadymy?' diýip, özümi utandyrypdy. 'Dyrnaklarymy ýeke-ýekeden atagzy bilen sogurdylar, soňam ýanymda bitli çopan goýup, bitletdiler' diýip, ýeke özüni pida görkezip, meni geplemez ýaly edipdi. Dyrnaklaryna seredýänimi görüp bolsa, 'dyrnak alty aýda täzeden öňküsi ýaly ösüp çykýan eken' diýipdi. Men ol wagt birazdan onuň özara 'hasaplaşykda' tüpeňlän obadaşynyň sudda görkezme berjegini-de, köýnegini galdyryp, arkasynda ok degen ýerini görkezjegini-de, sudýanyň kesilip ýasalan tüpeňi görkezip, ol okuň şol ýaragdan, meniň gapdalymdaky kapasada oturan 'gahryman' tarapyndan atylandygyny 'anyklaşdyrjagyny-da' göz öňüme getirip biljek däldim. Men oňa we ýene birnäçe adama özümiňkä garanda has kän ýyl kesiljegini-de, özümiň ýigrimi töweregi protestçi bilen azatlyga çykjagymy-da, aýyplaw netijesini goltugyma alyp, daşary ýurtlara gidip, türmede galanlary çykarmak üçin onlarça makala ýazjagymy-da, bir gün olaryň diri galanlarynyň azat boljagyny hem, hatda biriniň soň hökümet bilen atyşyp, öldüriljegini-de, ýanymda oturanyň bolsa daşary ýurtda ýanyma gelip, türmede ölen ýoldaşy hkynda ýazylan zatlary görüp, ol hakynda gybat ýaýratjagyny-da, häkimiýet çalşandan soň, adalatyň dikeldiljegine 'ynanyp', serhedi bozup gelip, gaýtadan türmä girjegini-de bilemokdym. Ol meniň ozal tanan, bilen adamym däldi. Tussaglykdan öň iki gezek görüpdim, kömek sorapdy, möhümini bitiripdim, ediljek işiň heniz çigdigini aýdyp, ýalňyşmazlygy, gyssanmazlygy maslahat beripdim. Emma ol meniň maslahatymy almandy. Soň görüp otursam, öz hasaby bar eken, sebäbi adam atan, ýaralan jenaýatçy hökmünde gözlenýän eken we bu ýagdaýdaky ýeke-täk çykalgany syýasy hokgada görüpdir... Şeýle-de bolsa, men onuň kapasada beren maslahatyny aldym we oglunyň yzyndan gelen ýaşula iki agyz ýyly söz aýdyp, özümçe göwünlik bermäge çalyşdym: 'Gaýgy etme, agam, ogluň basym boşadylr, bizem boşarys, edip biljek zatlary bolmaz, kanun we hakykat bar bolsa, hudaý bar bolsa, hemmesi biziň tarapymyzda...' diýdim. Ol ýaşulynyň derrew ýüzi açyldy, geçisi ýaşaýan dag obasyndaky gaýalaryň iň beýik gerişlerine çykdy. Ozal aýdara söz tapman, ogly bilen aradaky demir gözenegiň beýle ýüzünde ýüzüni sallap duran ata 'içerdäki' ogly bilen ýylgyryp gürleşmäge, bir zatlary ýatlap gülmäge başlady. Gapdalymdaky 'maslahatçy' saklanyp bilmedi, ol ýaşula meni görkezip: 'Muňa şu zatlary size men aýt diýdim-dä' diýdi."