Kelpeň oýny

Adam aýtdy:

"Obamyzda birki ýaşuly, toý-tomgyda gazanyň golaýynda oturyp, çagalary oýnamakdan lezzet alardy. Kakam pahyryň olara her gezek gahary gelerdi, öýe gelip, ak girse-de, aň girmedikler ýene bir günlerini hoş geçirdiler diýerdi. Bir gezek ol iki ýaşulynyň kündükli gelip, özlerine el ýuwduran oglanjygy oýnaýyşlaryna şaýat boldum. Olar ilki oglany kündügi ýalňyş tutmakda aýyplap, iki sakgally bolup, iki ýerden utandyrdylar. Soň onuň beren elsüpürgijine at dakdylar. Ýakynda otyrdym, çaganyň gyzaryp-bozaran ýüzüni, elleriniň titreýşini görüp, gaharym geldi. Emma ýaşulular bu ýerde hem durmady. Oglana kündügini ýerde goýduryp, sen gaty gowşak görünýäň, mekdepde bedenterbiýe sapagyna gatnaşaňokmy, turnik-beýleki gördüňmi ömrüňde diýip, soraga tutdular. Oglan bedenterbiýe sapagyndan diňe bäşlik alýandygyny aýtdy. Ýöne gürrüň gutarmady, kakaň mekdep direktory bolansoň, bäşligi tanyş üsti bilen alýansyň, hany görkez, ony edip bilýärmiň, muny edip bilýärmiň diýip, olar çaga her hili synag ýumşuny buýurmaga başladylar. Çaga olaryň ähli soran zadyny edip görkezdi. Bir aýakda-da, bir elinde-de durdy, ellerinde ýöräp, aşyr hem atdy. Ýaşulular hikirdeşip, mekdep direktorynyň ogluny il masgarasy edip bilenlerine begenip, monça boldular. Şol wagtam olaryň ýanyna başga bir ýaşuly geldi-de, salam-helik soraşyp, oglany ýatdan çykardylar. Birsellem garaşan oglan ýaşulularyň gürrüňni böldi: 'Pylan aga, oýnap bolan bolsaňyz, men indi gidibereýin?' diýdi. Bu sözden soň ony oýnan bolup hezil eden ýaşulularyň ýüzi gyzardy. Olaryň biri başyny ýaýkap: "Bäh, ahyry bir g...ti gylla duşarsyň diýleni boldy, ýumruk ýaly bolsa-da, bu bizi oýnaýan eken-ä' diýdi."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024