Terrorçy döwlet we onuň şahyrlary

Kim ol? Niçik gudrat?/ - Döwrüň wyždany/ Kommunistik partiýa. K.Gurbannepesow

Adam aýtdy:

"Sowet döwleti ýakasy gaýyşly terrorçydy, diňe erkekleri däl, ojagyna wepaly aýallary, olaryň çagalaryny hem aýap goýmandy, muny bilmedik bolýan köp bolsa-da, bilýän kändi. Emma şahyrlar, ýazyjylar sowetleriň garşysyna çykanlary ýa özüni gorajak bolanlary "basmaçy" ýa ýene bir zat hökmünde 'derbi-dagyn' etmeli bolupdylar, ýogsa özleri derbi-dagyn edilýärdiler. Özi aman galmak üçin öz hak-hukugyny, şonuň bilen birlikde adam mertebesini, il-günüň namysyny gorap ölen ynsanlary masgaralajak, kemsitjek, kiçeltjek bolup, kagyz baryny hapalan, beýni baryny zäherlän sowet ýazyjylary näçekä? Ýöne olaryň köpüsi ölýänçä öz pikirinde galdy, sebäbi hakykaty, ýalňyşlaryny boýun alsalar, bütin ömürlerine, işlerine atanak çekmeli boljakdylar. Gynançly ýeri, ol ýazyjylaryň okyjylarynyň hem köpüsi, hatda ýaş adamlar-da pikirini üýtgedip bilmeýär we Stalini, Putini gahryman hasaplaýar. Arada bit putinçi tanşym duşdy-da, gürrüňden gürrüň çykyp, MK-nyň aýallaryň garşysyna çykaran aýylganç kararyny agzaýmanmy. Bu karar esasynda 1937-nji ýylyň 15-nji awgustynda çykarylan (№ 00486) aýylganç buýrukda wepaly aýallaryň garşysyna görülmeli basyş, mynjyradyş çäreleriniň jikme-jiklikleri beýan edilýärdi. "Memorialçylar" Arseniý Roginskiý bilen Aleksandr Danieliň ýazmaklaryna görä, 1937-38-nji ýyllar aralygynda lagerlere ugradylan aýallaryň umumy sany häzirlikçe belli däl. Emma olar 1938-nji ýylyň 5-nji oktýabryndaky ýazgylardan käbir netijeleri çykaryp boljakdygyny aýdýarlar. Bu ýazgylarda NKWD-niň ýolbaşçylary Staline № 00486 belgili buýruk esasynda "tussag edilen dönükleriň aýallarynyň, doly bolmadyk maglumatlara görä, 18 müňden gowragynyň repressiýa edilendigini" habar berýärler. Emma olaryň ellerinden "alnan çagalar” baradaky maglumatlar has takyk görünýär diýip, "memorialçylar" NKWD resmisiniň 1939-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Beriýa beren hasabatyna salgylanýarlar. Onda 1937-nji ýylyň 15-nji awgustyndan başlap, hasabatyň berlen gününe çenli aralykda Soýuz boýunça 25 342 çaganyň hossarlarynyň elinden alnandygy habar berilýär. Ol çagalaryň 22 427 sanysy ýerli ýetimler öýlerine we çagalar baglaryna berilse, 2915 sanysy howandarlyk etjeklere we ejelerine gaýtarylyp berilýär. Bu sanlar her näçe ynamdar görünse-de, maglumatlaryň doly bolmagy mümkin däl, sebäbi sanawlara 15 ýaşdan geçen çagalar girizilmändir, olary "sosial" howp" hasaplap, sud edip, türmä basypdyrlar diýip, kitaba ýazylan sözbaşyda aýdylýar ("Узницы "АЛЖИРа" (М., "Звенья", 2003) . Mesele sanlarda hem däl, eýsem № 00486 belgili operasiýanyň diňe aýallara garşy däl, "halk duşmanlarynyň çagalaryna garşy ulanylandygyny görkezýän inkär edip bolmajak faktlarda diýip, awtorlar belleýär. Şol bir wagtda, Orsýet Federasiýasynyň Konstitusion sudunyň başlygy Konstrantin Aranowskiý hem Sowet Soýuzynyň "bikanun döredilen döwletdigini", häkimiýetleriň san-sajaksyz jenaýatlar üçin jogapkärdigini boýun alýar. Emma SSSR-iň bigünä adamlaryň ganyna galmakda hiç kimiň bäsleşip bilmejek beýik döwleti bolandygyny türkmen obasyndan ýetişen kommunist şahyra 2020-nji ýylda hem ynandyryp bolmaýar. Güýji ýetjegini bilse, ol seni bu gürrüň üçin urmaga-da taýýar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024