Başlyk çekeniň tobasy
Adam aýtdy:
"Şükür, pensiýa ýaşyna ýetdim, ýogsa bir gün başlygymy iki elim bilen bogmaly bolýardym. Bütin ömrüme diýen sürüji bolup, döwlet maşynynda başlyk çekdim. Bu sürüji üçin gowy iş, sebäbi her iki-üç ýyldan täze maşyn münýärsiň, özüňe ulag almak gerek bolmaýar. Ilkinji işimem, soňky işimem başlyk çekmek boldy. Arasynda bir başlyk bilen oňuşman, taksi hem sürdüm. Bu sowet döwründe bolupdy. Ýöne başlygym şopurdan oňman, birki şopur çalşyrandan soň, meni yzyma çagyrdy. O döwürde hem başlyk bolýanlaryň arasynda her hili adam bolardy. Esasan başlyklaryň aýallary gaharyňy getirerdi. Sebäbi äri başlyk bolan aýallar köplenç üýtgeýärdi we başlyk çekýän sürüjiler käte bir öý hojalykçynyň gapy guluna öwrülenini duýman galýardy. Soňky ýyllarda başlyklaryň gulluk maşynlaryny şahsy hojalyk işlerinde ulanmagyna berk çäklendirme girizildi. Bu bir tarapdan, sürüjileri başlyklaryň aýallarynyň hyzmatyny etmekden dyndardy. Emma sürüjiler iş maşynlarynda öz işlerini hem edip bilmediler. Mundan başga, başlyklaryň işde köplenç daň atandan agşam sagat 10-11-e çenli galmagy bilen, sürüjiler hem köplenç garažda ýa maşynda ýatmaly boldular. Şahsy durmuş gutardy. Iň beteri, başlyklaryň ýygy-ýygydan täzelenmegi bilen, ýörite döwlet tarapyndan sürüji bellenip, ýeke özi bir maşynda işe gatnadylýan adamlar ýyl-ýyldan çüpredi. Sürüjiler bir-birlerine duşanlarynda, täze başlyklarynyň nähili bisowat, nähili bolgusyz adamdygy barada iç döküşmäge başladylar. Pensiýa çykanyma şükür etmegimiň sebäbi, soňky dört ýyldaky iki başlygym bir-birinden beter bisowat boldy. Olaryň bilmeli, etmeli işlerini edaradaky ýekeje iş bilýän adam edýärdi we muny hemmeler bilýärdi. Emma olar munuň üçin utanmalydyr hem öýtmeýärdiler. Bu dört ýylda başlyk näçe bisowat bolsa, onuň şonça-da gedem, gykylykçy bolýanyna göz ýetirdim. Soňky başlygym, ýasa görünmäge gerek bolýar diýip, maşynda köne telpegini saklaýardy. Soňabaka çydaman, onuň bolşuna gaharymdan, ýok wagty şol telpekden ar almaga, ony aşagymda goýup oturmaga, aýaklarymyň astyna taşlap depelemäge, soň kakyp-silkip, ýene ýerinde goýmaga başladym. Öýe gelip, biraz köşeşemde, bu bolşumdan utanyp, ýüzüm gyzarardy. Emma ertesi işe gidip, başlygym bilen ýüzbe-ýüz bolamda, ýalandan ýylgyran bolsam-da, içim, neşe maddalary ýakylýan peç ýaly, lowlap ýanardy. Ol uly başlygyň ýygnagyndan çykyp, gomalyp maşyna münende we buýruk berip başlanda, ýa-da gülen bolup, başga biriniň gybatyny edende, has beter gaharym gelýärdi. Sebäbi TW-de onuň ýapyrylyp, gorkusyndan ýüzüni-gözüni galdyryp bilmän, elindäki depderçä bir zatlar ýazan bolup, özüni bir köpüge çenli arzanladyp durşuny her hepde diýen ýaly görýärdim. Hudaý gorady, tas iki elim bilen bogmaly bolupdym. Hernä, şükür, wagtynda pensiýa çykdym."