Umytdan düşmezlik üçin sebäp

Adam aýtdy:

"Mihail Şolohowyň "Ýuwaş dony" hakykatda özüniň ýazmandygy, ogurlandygy ýa-da çekistler tarapyndan “ogurlamaga" mejbur edilendigi hakynda öňem eşidipdim, ýöne ynanmandym, bu gürrüňi Berdi Kerbabanyň "Aýgytly ädimi" özüniň ýazman, türmä basylan başga bir ýazyjydan ogurlandygy barada edilýän gybat ýaly bir zat hasaplapdym. Sebäbi o mahal don kazaklarynyň durmuşyna bagyşlanan romany ogurlanan, häzir 150 ýyllygy bellenilýän Fýodor Krýukow hakynda Parižde 1974-nji ýylda çapdan çykan kitap hem, beýleki maglumatlar hem meniň üçin elýeterli däldi. Indi Şolohowyň özüniň hiç zat ýazmandygy, onuň “Göterilen tarp“, “Adamyň ykbaly“ romanlarynyň hem "edebi gullar” tarapyndan ýazylandygy belli bolýar. Inkär edilen hakyky ussadyň – Fýodor Krýukowyň edebi mirasynyň derňewleri Mihail Şolohow diýilýän “beýik sowet-proletar” ýazyjysyny düýpden inkär edýär, ony taryhyň zir-zibil çukuryna taşlaýar. Çekistler arkaňda dursa, olaryň işgäri bolsaň, üç ýarym klas bilimiň bilenem belli bir döwre çenli “ussat ýazyjy”, hatda Nobel baýragynyň eýesi hem bolup bolýan kän. Emma şükür, hiç ýalan baky däl. Diýmek, sowet mekdeplerinde biziň neslimiziň kellesine dykylan ýalan-ýaşryk zatlaryň üstüniň ahyry kem-kemden açylyşy ýaly, häzirki mekdeplerde çagalaryň boýnuna syrtmak edip dakylýan ýalançylyklar hem paş bolar. Esasy zat, umytdan düşmezlik.“

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024