Göreşmeýäniň bagty
Adam aýtdy:
"Kärdeşleriniň biri 20 ýyl öň Şeremetýewa aeroportunda uçar ýykylmagy netijesinde, gümürtik ýagdaýda ölen tanymal rus žurnalisti Artýom Borowik hakynda makala ýazyp, oňa 2000-nji ýylyň 7-nji martynda, ölmezinden iki gün öň "eger siz şeýle dogruçyl bolsaňyz, onda näme üçin şu wagta çenli ýaşap ýörsüňiz?“ diýlip berlen soragy ýatlapdyr. Artýom şol wagt bary-ýogy kyrk ýaşyndady, emma postsowet giňişliginde dörän derňew žurnalizminiň pionerleriniň biri hökmünde, millionlap adamy öz "agzyna garadyp" bilipdi. Munuň putinçi häkimiýetler tarapyndan bagyşlanmajagy düşnüklidi. Emma göreşýän adama 40 ýaş hem köp görülýän bolarly. Sebäbi beýle adamlar diňe häkimiýetlerde däl, ezilýänleriň arasynda-da köp adamy rahatsyz edýär. Olar göreşýän adamy aňsat ykrar etmek islemeýärler. Kähalatda bolsa, eger göreşýän adam ölmän ýaşap ýörse, ýa-da türmeden diri çyksa we ýene işini dowam etdirmäge güýç-gaýrat tapsa, munuň arkasynda öz gümanly garaýyşlaryna daýanç boljak gümürtiklik ýa sebäp gözleýärler. Eger ol sebäbi tapmasalar, gynanýarlar, has kän azap çekýärler we kähalatda şeýle gara sebäbi toslap, gybat edip özlerini köşeşdirýärler. Ýöne bu olara doly ynjalyk ýa rahatlyk getirmeýär. Emma göreşýän adam bir gün ölse, müňkürleriň geçisi daga ýaýraýar, olar doly ynjalýarlar. Sebäbi şondan soň onuň ady eşidilip, olaryň öz ykballary babatdaky jogäpkärçiliksizligini, başgalaryň arkasyna bukulyp ýaşaýandyklaryny sessiz ýatladyp durmaýar.""