Bizde kitap okalmazlygynyň sebäbi

Adam aýtdy:

"Biziňkileriň, ölüm-dirilik meselesi bolsa-da, hiç kitaba imrikmeýäniniň sebäbine ahyry düşündim, ozal bu soraga hiç jogap tapmazdym. Öňki prezidentimiz olara öz kitabyny okatjak bolup, nämeler etmedi? Hatda, kitabymy üç gezek okan göni jennete düşýär diýip, ýalan hem sözledi. Emma adamlar, synagdan geçýänçäler ýa gözden düşmezlik üçin okan bolsalar-da, prezident ölen badyna onuň kitabyny hajathana taşladylar. Ikinji prezidentimiz hem halka kitap okamagy öwretmek üçin tagalla baryny edýär, hatda başga işlerini goýup, dürli temalardan onlarça kitap hem ýazdy. Emma adamlaryň şol öňküligi, ýalandan okan bolýarlar, emma kitaba hiç imrikmeýärler. Ozal ýazylýan kitaplarda derek ýokdur öýderdim, adamlary halamaýan kitaplaryny okamaga mejbur edip bolmaz diýerdim. Emma beýle däl eken. Ýaşym altmyşa golaýlanda işsiz galyp, goňşy ýurtlara ownuk-uşak haryt getirmäge gidip başlanymdan soň bar zat düşnükli boldy. Beýleki ýurtlarda metro bar eken, adamlar şondan kitap okaýan ekenler. Ýa olar kitap okaýandyklary üçin çalt köpelip, metroly boldularmyka? Şu ýerde bir baglanyşyga-a bar..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024