Meseläniň has çatak ýeri
Adam aýtdy:
"Birlerine gerek wagty, gyssanyp gelende, sowetleriň bir rublyny karz ber, ömür boýy minnetdar bolar, beýleki birlerine ömrüňi ber, yzyna-da sorama, emma olar näme bereniňe-de düşünmez. Muny adamlar gadym wagtlarda-da bilýän ekenler. Bilmeseler, Omar Haýýam bu ajy hakykaty özünden toslap ýazmazdy. Ýöne köp adam şindem özi özüne gerek däl, öz maşgalasyna gerek däl adamlara ömrüni paýlaýar: okaýar, öwrenýär, bir zatlar ýazýar, düşündirjek bolýar. Bu gaty geň! Ýöne gowy ýeri, adamlaryň köpüsiniň beýle jomartlar bilen işi ýok, olar onuň bardygyny hem bilmeýärler. Meseläniň çatak ýeri onuň edýän işine düşünýänlerde, adamlary özünden bizar edip saklamakdan bähbit görýän häkimiýetlerde we käbir kärdeşlerde. Olar başga birlerine ömrüni berýän adamy hiç wagt bagyşlamaýarlar."