Garyp ýurtda elita bolmak bagty

Adam aýtdy:

"Käte hiç zat okamasammykam, diňlemesemmikäm diýip pikir edýärin. Sebäbi habarlary näçe köp yzarlasaň, şonça-da lapykeç, gaharly bolýarsyň. Golaýda gyrgyz TW-sinden Bütindünýä bankynyň daşary ýurt banklarynyň hasaplarynda geçiren derňewleriniň netijesi baradaky gepleşigi diňledim. Onda aýdylmagyna görä, dünýäniň iň garyp ýurtlarynyň elitasy Bütindünýä bankynyň berýän kömekleriniň hasabyna baýaýar. Geçirilen derňewler Bütindünýä banky garyp ýurtlaryň haýsam bolsa birine düýpli maliýe kömegini eden badyna şol ýurduň Sýurihde, Lýuksemburgda, Singapurda ýa-da Kaýman adalarynda ýerleşýän banklardaky hasaplarynda goýulýan serişdeleriň birden köpelip başlaýandygyny görkezýär. Bu derňew dünýäniň iň garyp 22 ýurduna, şol sanda Gyrgyzystana degişli daşary ýurt bank hasaplarynda geçirilipdir. "Bankyň planlarynyň köpüsi amala aşmaýar, sebäbi emeldarlar hemişe sporty ýa umuman döwleti ösdürmekden beter öz jübülerini galňatmak barada oýlanýar" diýip, habarda aýdylýar. Geň ýeri, bu derňewi geçiren daniýaly, norwegiýaly we amerikaly ekspertleriň hatarynda Bütindünýä bankynyň baş ykdysatçysy hem bolupdyr. Emma ol, derňewiň netijeleri noýabrda bankyň ýolbaşçylaryna ýetirilenden soň işden boşadylýar we taýýarlanan hasabat bankyň websaýtynda diňe 18-nji fewralda, "Financial Times" gazetinde "Economist" žurnalynda çap edilenden soň peýda bolýar. Näme pikir etseň pikir edibermeli. Garyp ýurtlaryň elitasy şeýle ussat, şeýle ugurtapyjy adamlarmy ýa olara bu işde has professional kömek edilýär? Ýöne hiç zat okamasam, alternatiw habar kanallaryny gözlemesem, garyp ýurtda elita bolmak bagtyna, ol elita dünýäniň haýsy guramalarynyň kömek edýändigine düşünip biljek däl..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024