SSSR-iň beýikligi

Adam aýtdy:

"Orta asyrlarda jellat möhüm adam hasaplanypdyr, ýöne abraýly saýylmandyr. Şu sebäpden jelladyň çagalary bilen hiç kim nikalaşmak islemändir, olardan çeke durupdyrlar. Netijede, jellatlara öz çagalaryny beýleki jellatlaryň nesillerine öýermekden ýa durmuşa çykarmakdan başga alaç galmandyr. Onsoň, orta asyrlaryň aýagynda Ýewropadaky jellatlaryň ählisi bir uly maşgala degişli bolupdyr. Emma bolşewikler zamanynda jellatlar, adam öldürmegi, gynamagy hünär edinen adamlar hem möhüm, hem sylagly bolupdyr. Olardan gorkupdyrlar. Olar bilen garyndaş bolasy gelýän, jellatlaryň hataryna goşuljak bolýan köp bolupdyr. Köp adam muny 'ýagynyň daşyndan içi aman' diýen nakyl bilen delillendiripdir. Bu ýagdaý SSSR-iň bigünä öldürilen we ykbaly döwlen adamlaryň möçberi boýunça dünýäde deňsiz-taýsyz beýik ýurt bolmagyna alyp gelipdir. Göwnüme bolmasa, SSSR-iň bu beýikligini indi biziň döwletimiz ýere gaçyrman saklajak bolýan ýaly."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024