Dinibir we ganybir doganlyk

Adam aýtdy:

"Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň liderlerimize ilkinji bolup, allany-hudaýy çagyryp kömege ýetişen türk doganlarymyz boldy. Olar gelip ýalançylygy, ýurdy, halky gysga wagtda nädip kän we netijeli talamagy öwretdiler. Ganybir we dinibir doganlarynyň hyrsyzlyk derslerini özleşdiren liderlerimiz, doganlyga gelişmese-de, sapak beren ussatlarynyň ekmek paralaryny kesip, olary yzlaryna kowdular. Emma olar ýeke gitmedi. Talanan, garyp düşen ildeşlerimiz hem, doganlarynyň yzyna düşüp, ekmek parasy üçin, allany-hudaýy çagyryp, Türkiýä gitdi. Olar, öz talanan ýurtlarynda aç ölmezlik üçin, çagalaryndan, maşgalasyndan aýralykda, türk hojaýynlaryna günde sekiz sagat däl, 16 sagada çenli hammallyk edip, ölmez-ödi gazanmaga kaýyl boldular. Yzlaryna gelseler, aeroportdaky resmi talaňçylyk zerarly, gaýdyp ýurtdan çykyp biljekleri gümana bolansoň, çagasyny on ýyllap görmeýän adamlar hem bar. Olar hudaýy çagyrýarlar, bu agyr günleriň basymrak geçmegini dileýärler. Emma hudaýyň olara eli degmeýär. Belki, bir gün onuň eli boşaşar, şonda gidenler yzyna iş öwrenip, eli hünärli, kellesi düşünjeli, ýüregi gowy niýetli dolansa ne ýagşy, ýöne ýalançylygy, ogurlyk-jümürligi öwrenip gelseler, ýurt nä güne düşerkä?"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024