Gapyl galmazlyk oýny
Adam aýtdy:
"Çingiz Aýtmatowy gowy görerdim, ýazan zatlarynyň ählisini, beren interwýularyny okajak, deňimden geçirmejek bolardym. Ol bir söhbetdeşlikde mankurt rowaýatynyň manysyny düşündirip, "Çingiz han gozgalaňyň islendik wagt turmagyna garaşypdyr, ondan gorkupdyr, sebäbi islendik diktaturada, daşarky duşmana garanda, içerki duşmandan kän gorkulýar" diýdi. Şu sebäpden, ýazyjynyň ynanjyna görä, diktatora janly maşynlar gerek, duýgusyz, huşsuz adamlar zerur; mankurt bolsa diňe öý-ojagyny unudan adam däl, onuň şahsyýeti düýpden ýok edilen, ýuwlan, diňe ýigrenji galan. Bu, megerem, diktatoryň, doly we soňsuz häkimiýete eýe bolmak isleýän islendik adamyň ykbaly: onuň töweregini adamlar däl-de, mankurtlar, ýüregi ýigrençden, öçden doly adamlar gurşap alýar. Olaryň ýigrenjiniň haçan we kime gönükjegi bir alla belli. Onsoň, öz töweregini näçe tiz-tizden tämizlese-de, diktatoryň bir gün gapyl galmagy mümkin. Gapyl galmajak bolsaň, töweregiňdäki mankurtlary gapyllykda basmagy dowam etdirmeli!"