Leniniň dembeli
Adam aýtdy:
"Leniniň dembeli" diýen aňlatmany ilkinji gezek Moskwanyň etegindäki Peredelkinoda, ýazyjylaryň döredijilik öýünde bir garry ýazyjydan eşitdim, emma onuň nämedigini golaýda, Leniniň öz beren jenaýatçylykly buýruklarynyň yzyna gömşi hakynda "Nowaýa gazetada" çap edilen makaladan bilip galdym. 1920-nji ýylyň dekabryndan 1921-nji ýylyň fewralyna çenli ýarym million esgeri demobilizleýärler, ýene dört milliony harby gullukdan boşatmaly... Olaryň ählisini frontdan yzlaryna getirmeli, geýindirmeli, naharlamaly! "Görnüp dur, bu mümkin zat däl – diýip, Lenin 1921-nji ýylyň 5-nji aprelinde Zinowýewe ýazýar. - bar mesele şunda, harby býrokratiýa "gowusyny etjek" bolýar: d[emir] ý[ollarda] getirjek! D[emir] ý[ollarda] bolsa iki ýyllap daşamaly." Şol bir wagtda, "iň adamkärçilikli adam" olaryň ählisine "eşik, aýakgap, çörek" berilmeginden nägile bolýar. Şu sebäpden ähli zat düýpden üýtgedilmeli: hiç zat berilmeli däl. Ne eşik, ne aýakgap, ne-de çörek. Gyzyl goşunyň esgerine ýa häzir pyýada, "hiç zatsyz" git, ýa-da 1 ýyl 1/8 funtda [51 gram çörek] we eşiksiz, aýakgapsyz garaş diýmeli. Şonda onuň özi pyýada gaýdar" diýip, "babamyz" Lenin ýazypdyr. Indikilerden nämäni geň görýärsiňiz? "Baba" ýoly dowam etdirilýär."