Utanç

Adam aýtdy:

"Arada TW-de el çarpyp, o birine alkyş aýdyp gygyrýan adamlary görüp, 'şu millet üçin göreşip türmä düşmek beýlede dursun, eliňe tikenem çümdürmeli däl' diýdim. Kiçi oglum başyny ýaýkap: 'Eger Gaýgysyz Atabaý, Nedirbaý Aýtak dagam şeý diýen bolsa, bu gün biziň öz adymyza döwletimiz hem bolmazdy, Özbegistanyň bir bölegi bolardyk' diýdi. Elbetde, gürrüň şu ýerde gutardy, sebäbi biz öýde kän syýasy gürrüň etmejek bolýarys. Ýöne gaharyma aýdan sözüme, çagalaryma görelde bolmakdan geçen, öz nalajedeýinligimi hemme döwürde gereginden artyk bolan ýaranjaňlaryň köplügi bilen aklajak bolanyma, yzdan gelýän nesliň akyl-düşünjesine kembaha garanyma şindem utanýaryn."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024