Haka goýulmaly iş

Adam aýtdy:

"Ezilenleri ezijiden goramak üçin, elbetde, içinde özüňi, öz ýakynlaryňy hem goramak üçin ezijilere ýa eziji ulgama garşy soňsuz göreşip bilersiň. Elbetde, bu ölüm ýa dirilik göreşi bolar, öňýeten beýle işe het etmez. Boýun alyksyň: ezilýänler, şol sanda öz dostlaryň, dogan-garyndaşlaryň hem tomaşaçydyr, gazap bilen garşyňa çykmasalar kaýylsyň. Bu göreşde ruhdan düşseň, bite gahar edip, ýorganyny otlan adam bolarsyň. Onsoň, b...a giren boýy bilen edip, göreşiňi dowam etdirersiň, ne gülen-ýaňsylana, ne gahar edip sögene, masgaralajak bolana, ne-de ykrar edene bakarsyň. Bu seni ezilýänleriň has beter ýigrenmegine alyp geler, sebäbi seniň göreşiň olary has ezer, kiçelder. Bagtyň gelse, sen ezijini kiçiräk bir edarada, obada ýa şäherde... ýykyp, ezilýänleriň arkasyna şemal çaldyryp hem bilersiň. Bu bolan, bolýan zatdyr. Eziji her neneň güýçli, berk, arkaly görünse-de, hemişe oňa garşy göreşýän, köp bolmasa hem tapylar. Ýöne sen ezilenleri ne ýykyp bilersiň, ne-de başga bir ýere aýryp, olar şol duran ýerlerinde galarlar we seni ýeňeniň üçin hem ýigrenerler. Sebäbi her görenlerinde, özleriniň edip bilmedik, gyrasyndan barmadyk işlerini edeniň biygtyýar ýatlaryna düşer, özlerini seniň bilen deňeşdirerler we pes görerler, kemsinerler. Olaryň het etmedik işini edip, diri galmagyň, 'men diýmedimmi?' diýdirmezligiň seni geçilmejek günäňdir. Olar ezijini, onuň ähli eden sütemini geçirseler-de, seni geçirmezler we kemsinmeden çykmagyň diňe bir ýoluny görerler: ol seni görünmez ýaly etmek, ýok etmek çykalgasydyr. Onsoň olar ellerinden gelenini ederler, görülmedik derejede agzybir, gujurly herekete geçerler we seni gözden salmak, baş alyp gaçar ýaly etmek üçin hiç bir şyltakdan gaýtmazlar. Netijede, ençeme ýyllap ezijä ýa ezijilere garşy alyp baran agyr göreşiň ezilenleriň öňünde durmakdan has aňsat bolup görner. Aralykda aljyrap, eý, alla, men näme beýle uly ýalňyşlyk etdim, ezijini aýap saklan bolsam bolmyýamydy, ol bulara gerek eken-ä, ezijini özleri döreden eken-ä, ezijisiz oňjak däller eken-ä diýersiň. Bu ýagdaýda ozalkyň ýaly göreşmekden hem netije ýok ýaly görner. Sebäbi olar saňa gahar edip, täze ezijini basymrak döretmek, ýetişdirmek we güýçlendirmek üçin gije-gündiz diýmän işlärler. Edip biljek bir işiň hakdan haraý gözlemek, ezilenleriň gazabyndan gora diýip ýalbarmak bolar. Hakyň haklaşdyrýan halatlaryny hiç kim inkär edip bilmez, ol käte ezijiden hem, ezilenleriň gazabyndan hem gorar, olary saňa eli ýetmez ýaly eder. Diňe maňa elleri ýetmesin, bize ellerini ýetirme, taňrym, çagalarym bilen aman sakla diý, öz ýetişer."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024