Soňky buýsanç
Adam aýtdy:
"Gynanaýdym. Täze häkim hususy jaýlaryň derwezelerini aýyrmaly edipdir. Muňa öňem bir synanypdylar, ýöne ogurlyk köpelensoň, derwezelerini gaýtadan guran adamlara göz ýumupdylar. Aslynda, derweze kulty 'Altyn asyryň' başynda, ömürlik serdaryň kulty bilen ýokarlanypdy, sebäbi neşekeşlerden ýaňa işikde kündük, köne köwüş ýa ýuwlup serlen geýimler hem duranokdy. Aýallar ýakalaryny tutup, içki geýimleriň hem ogurlanýandygyny gürrüň berýärdiler. Ýöne adamlaryň demir derweze höwesi öňräkden, kommunistler döwründen gelýärdi. Ol döwürde partiýanyň merkezi komitetiniň we şäherdäki 1-nji parkyň daşynda demir sütünli haýatlar we haýbatly demir derwezeler bolardy. Ata-baba gapysyny gulplamadyk milletde beýle derweze gurdurmaga isleg-de, gurp-da bolmazdy. Ikinji tarapdan, derweze köçedäki ýa daşardaky dünýe bilen aralykdaky serhetdi, serhedi ýapyp, içinden gulp ursaň, ýurtdaky reallyklardan, ajy hakykatdan araňa diwar çeken ýaly bolýardyň. Has anygy, derweze seni özünden aňyrdaky gödeňsi dünýä azajyk-da bolsa dahylsyz edýärdi. Ýene bir bellemeli ýeri, derwezäni gulplanyňdan soň, döwlet TW-sini açmasaň, mejbury abunaçy bolan gazetleriňe hatda hajathanada hem göz aýlaman bilseň, bu dahylsyzlyk has ulalýardy. Sen özüňi, maşgalaňy derweze bilen ondan aňyrdaky deňsizliklerden, kemsitmelerden halas eden ýaly bolýardyň. Dogry, göni gelen ogry-jümrüleri saklasa-da, derweze seni hemişe gorap bilmeýärdi; häkimiýetler, ýurt eýeleri ony islän wagtlary açyp-da, ýapyp-da, ýumrup-da, ýok edip-de bilýärdiler. Iň esasy derweze hem däldi, häkimiýetler islese ýa zerur hasaplasa, derwezäniň eýesini, ol derwezeden girip-çykan goç ýigitleri ýok edýärdiler, hiç bir düşündiriş bermezden çagalary ýetim, aýallary dul goýýardylar. Ýöne köçedäki ýa ýurtdaky reallyklar, ogry-jümri bilen arada simwoliki çäk bolmagyndan başga, derweze şäherli bolan obadaşlarymyň köpüsiniň hasyl bolan az sanly arzuwlarynyň hem biri bolup görünýärdi, ol olaryň buýsançlarydy diýsem hem bolar. Olar, özleri hem bilmän, ýa-da ýurtdaky reallyklar barada pikir etmezlik üçin, öz aralarynda häkimiýetleriň kän gözüne ilmeýän zatlarda, şol sanda belentden-belent derweze edinmekde hem ýaryşýardylar. Edil aýdymçy-sazanda çagyryp, bagşa neşejik berip, jaý toýy ýaly uly üýşmeleň etmeselerem, soňky ýigrimi ýylda arak-şerap döküp, täze derwezelerini ýuwýan adamlar, goňşy-golamlaryňkydan ýa doganlarynyňkydan gowy nagyşly demir derweze gurduranyna begenip, oturan-turan ýerinde derwezesi bilen öwnüp ýörenler hem bardy. Olaryň käsi, derwezesini görkezmek üçin, käte ömür pikir-düşünjesi gabat gelmejek adamlary hem myhmançylyga çagyrýardy, myhmanyň yzyndan derwezäme görübilmezçilik etdi diýip hüňürdäp ýören hem az däldi. Käbiri derwezesini gazanyp, söwda-satykdan düşen pula gurdursa, käbiri aýlygyndan süýşürip, arasynda bergi-borja girip gurdurýardy. Köp adam üçin esasy zat derweze däldi, ýaryşda yza galmazlykdy. Olar agşamara derwezeleriniň öňüne çykyp, çommalyp oturardylar. Käbiri derwezäniň çepinde ýa sagynda ýörite oturgyç hem edindi. Haýp, indi olaryň bujagaz buýsançlary hem ellerinden alynýar."