Surat

Magtymgulyny agladan adamlar

Adam aýtdy:

"Pahyr, namardyň kimdigini aýdyp gidipdir-le, özem onuň şol durşy, şol gylygy, tanamaz, bilmez ýaly däl, ne diýseň, "baş üstüne" diýýär, synasaň, iş üstünde tapylmaýar; taýýar bolan aş üstünde gök dek gürläp, damak ýyrtýar... Gahary gelen bolarly, "Aş üstünde it dek hyrlar, //Ýersiz ýere har dek harlar, Her tilki bir şir dek gürlär, //Myrdar ölen läş üstüne" diýip, şahyr olary it-eşege, tilkä hem deňäp çykypdyr, ýogsa o janawarlar namartdan has peýdaly ahyryn. Megerem şundan, goşgularyny okamda Magtymgula hem gynanýaryn. O pahyr "halk içinde däli bolup galyp men" diýip, käte halys ruhdan düşüpdir. Ruhdan düşmez ýalam däl, namartlar hiç zat okamaýarlar, ýa okan zatlaryna düşünmeýärler. Şahyr muny bilýänem ýaly, "Bu sözüm haýwana ýokmaz" hem diýipdir. Eger namartlara söz ýoksady, ýa-da olar okap, aýdymlary diňläp, namartlar hakynda aýdylýan gaty sözlere çalaja gulak gabartsady, onda olar bolmanda gylyk-häsiýetlerini üýtgederdiler, şol boluşlarynda galmazdylar, söweşde syrlarynyň paş bolýandygyna düşünerdiler."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024