Wirus gursun!
Adam aýtdy:
"Adam pensiýa çyksam, dynç alaryn diýýär. Emma soň, özi ýaly pensiýa çykanlaryň käbirinden ýadaýar, gaçara ýer gözleýär. Sebäbi erkekleriň köpüsi pensiýa çyksa, geýilmän taşlanan köwşe dönýär, özüne ýer tapanok. Üstesine, ozalky ýaly başlyklary, iş ýerindäki etiki talaplar, olary berjaý etmese işini ýitirmek gorkusy hem bolmansoň, ýaşuly-beýleki diýip sylansa, pensionerleriň käbiri has özüni açýar, hemme ýere burnuny sokup, bilýän zadyna-da, bilmeýän zadyna-da goşulyp, halys gözden düşýär, özüni ýigrendirýär. Bu hili pensionerlerden kähalatda öz maşgala agzalary, ýanýoldaşlary hem bizar bolýar. Muny gürrüň berýänimiň sebäbi, pensiýa çykamsoň, özümden birki ýyl öň pensiýa çykan köne tanşym boýnumdam otly tagan bolup ildi. Ozal, toýda-ýasda ýa-da iş arasynda görüp, gysga salam-helikden başga gatnaşyk etmämsoň, ony gowy tanamaýan ekenim. Bende, gaty negatiw adam eken. Hemme kişide duşman ýa bäsdeş görýär, tanaýan ýa o diýen tanamaýan adamlary bilen bagly şum habar eşitse-de, hoş habar eşiden ýaly, ýakymsyz ýylgyrýar ýa-da bir ters söz aýdýar. Ýöne onuň negatiw sözleri diňe kesekiler, köne tanyşlary ýa ozalky kärdeşleri bilen hem bagly däl, öz aýalyny, çagalaryny, dogan-garyndaşlaryny hem aýap goýanok. Nämemiş, ýaly iňirdewükmiş. Öz edýän gürrüňleri iňirdi däl ýaly. Aýaly sebpäli dostlaryny öýüne çagyrmaga çekinýärmiş, iňirdi eşitmejek bolup. Emma tanaýanlar onuň aýalynyň gül ýaly adamdygyny, bu gürrüňi gysyklygyny ýapmak üçin tapýandygyny aýdýarlar. Diňe aýalyndan däl, hemme kişiden nägile, özünden başga ähli adamdan zeýrenýär diýseň-de boljak. Iş karýerasynda ýetip bilmedik belentliklerini hem başgalardan görýär, özünde hiç günä tapyp bilmeýär. Hökümet ýolbaşçylaryndanam nägile. Ikiçäk bolsa pyşyrdap, olaryň ogurlyga çümendigini, hudaý-imanynyň ýokdugyny tekrarlamaga başlaýar. Ýör, beýle bolsa şäher merkezinde mitinge çykaly, adamlara görelde bolaly, hakymyzy, mertebämizi goraly, indi pensiýa çykdyk, işimizi ýitirmek aladamyz ýok diýseň, ör-gökden gelýär. Nämemiş, namart hökümet ogullaryny işden kowjakmyş, töhmet bilen türmä basjakmyş. Käbirleri oňa şübheli hem garaýar, sebäbi hökümeti ikiçäklikde hem bolsa beýle gaty tankytlap bilýän adamlar köplenç ümsüm edaranyň adamlary bolup çykýar... Soňky birki ýylda, nirede görse sypdyrman, şol bir negatiw gürrüňlerini gaýtalap ýadadandan soň, onuň barjak ýerine barmazlyga çalşyp başladym. Emma bu hem peýda etmedi, ol aýtman-diýmän öýüme gelmäge, üstümi gapyllykda basmaga başlady. Soňabaka, ol düýşüme hem girip başlady, ömür bilmedik zadymy, garabasmanyň nämedigini hem bildirdi. Gaty ejizländirin-dä, gara basyp, gara der bolup, gygyryp oýananymdan soň, öz saglygymy dilemän, onuň ölümini dilän gezeklerim hem boldy. Emma birden, hudaý diýene hudaý ýetirer diýen ýaly, bärdäki lukmanlardan derdine derman tapman, Taýlandda işleýän körpe oglunyň ýanyna gitdi-de, ilki bir aý şol ýerde boldy, soň iki aýlyk gitdi. Geň ýeri, ol gelse, birki gün negatiw gürrüňlerini diňlesem, ýene her hili erbet düýşleri görýärin, gitse hiç bir düýş görmeýärin. Ol soňky gezek gidende Taýlandda uzagrak, dört aýdanam gowrak wagt galdy. Muňa diňe men begenmedim, beýleki deň-duşlarym hem begendi. Tanyşlarymyň biri onuň aýalynyň körpe oglundan, ejesini öldürmejek bolsa, kakasyny Taýlanddan goýbermezligi sorandygyny aýdansoň, bu begenjimiz hasam ulaldy. Hakyky pensiýa çykan ýaly bolduk. Emma, Hytaýda ýaýran wirus gursun, ol ýene gelipdir we yzyna haçan gitjegi hem belli däl."