Surat

Düşündirip bolmaýan hakykat

Adam aýtdy:

"Dogrymy aýtjak, Mihail Zadornowyň rusça derek iňlisçe gürleýän türkmen serhetçisi hakyndaky teýeneli gürrüňi çetime degdi. Ýogsa, serhetde, gümrükde duran adamlarymyzyň derejesini ondan gowy bilýärin. Kemçiligiňi başga biri ýaňsylasa, halamajak ekeniň. Ýöne Zadornowyň başga bir gürrüňini hiç ýadymdan çykaryp bilemok. Ol siwilizlenen (medenileşen) ýurtda ýaşamak üçin Orsýetden gitmegem, rewolýusiýa etmegem gerek däl diýipdi. Satirigiň ynanjyna görä, munuň üçin "hapalama, hapa sözleri agzyňa alma, ýollarda köçe düzgünlerini berjaý edip başla, para berme we alma, alkogolly içgileri içme, çilim çekme, Söýgüli Adamyňa ikilik etme, medeniýeti syla we ýurduň taryhyny öwren, garrylary hormatla..." Ol şonda "medenileşen ýurtda ýaşaýanyňy özüňem duýman galarsyň" diýipdi. 100% ylalaşýaryn, biziňem medenileşen ýurtda, adam ýaly, bir-biregi basgylaman ýaşamagymyz üçin ýurtdan gitmegimiz, rewolýusiýa etmegimiz zerur däl. Magtymgulynyň "owal özüňi düzet" diýşi ýaly, her kim özüni düzetse, düzelmejek ýurt ýok, ýöne özüňi düzetmän, ýagdaýyny tapsaň para alyp, ogurlyk edip, zerur bolsa-bolmasa ýalan sözläp, oturan-turan ýeriňde başgalaryň gybatyny edip, özüňi aklap, medenileşen ýurtda ýaşap bolmaz. Emma haýp, bizde munuň gürrüňini edýänem ýok. Iň ýamany, gürrüňini edýän bolanda-da, gybat-ýalany milli häsiýet edinen post-sowet adamlaryny logika, mantyga getirmek kyn."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024