Surat

Özüni oýnaýanyň döreden kynçylygy

Adam aýtdy:

"Türkmen dili baý, her zadyň öz ady bar diýýärler. Emma bu edil beýle hem däl. Mysal üçin, çem gelene özüni oýnadyp, ile gülki bolup ýörene "oýnatgy" diýýärler. Bu aňsat. Ýöne kemakyl ýa göterim bendäni oýnap, öz ýanyndan gülüp hezil edýän, başga birini oýnap bilenine ýa-da özüniň bir näsagdan akyllydygyna monça bolup, eden işini öňünden çykana gürrüň berýän adama näme diýmeli? Bizde beýle adamyň ady ýa ony sypatlandyrýan söz barmy? Bu hili adamy bir sözde kim ýa näme diýip diýip atlandyrmaly? Men bu barada uzak pikir etdim, emma başgany oýnap, ondan lezzet alýan adama näme diýip at dakjagymy bilip bilmedim. Belki, biziň dilimizde bu hili pes gylygyň ady hem ýokdur. Ýöne soňky döwürde meni başga bir gylyk alada goýýar: özi özüni oýnap, özüniň däl, ömür bolup bilmejek adamlary ýa hünärmenleri bolup, öz ýalanyna özi güp ynanyp, özüni dünýä gülki edýän we muňa monça bolup begenýän, gomalýan adama näme diýmeli ýa-da näme at dakmaly? Özüni oýnadýana "oýnatgy" diýip gowy, örän düşnükli at dakan halkymyz özgäni oýnaýana näme diýmelidigini, näme at dakjagyny bilip bilmändir, şeýlemi? Onda ol özüni özi oýnap, özi özüni masgara edenine begenýäne näme diýmelidigini nireden bilsin? Ýene türkmen dili baý diýýärsiňiz!.."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024